TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistan — Gazagystan: parahatçylyk söýüjilige we ynsanp...

Türkmenistan — Gazagystan: parahatçylyk söýüjilige we ynsanperwerlik däplerine eýerýän gatnaşyklar

21-22-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasynda boldy. Milli Liderimizi Türküstan şäherindäki Hazret Sultan Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdiler. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany «Etnoaul» milli medeni toplumyna baryp gördüler.«Etnoaul» milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, Milli Liderimiz hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew «Turkistan Visit Centre» syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna bardylar we Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti, sportuň milli görnüşleri bilen tanyşdylar.

Umumy geljegiň bähbidine

Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirilip, geçen ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça ygtybarly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Şeýle-de iki ýurduň arasynda sebit we ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, durnuklylygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga, durnukly energetikany, ulag baglanyşygyny üpjün etmäge, suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemegine degişli möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygy nygtaldy. Biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly kuwwaty bar, özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, energetika, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, senagatyň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ondan netijeli peýdalanmak möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň olary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek we türkmen tebigy gazyny Gazagystana ibermek taslamasyny ilerletmek boýunça işi utgaşdyrmak maksady bilen döredilen bilelikdäki iş toparyna degişli tabşyryklary bermegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz ulag-kommunikasiýa pudagyny hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni «SPK TURKISTAN» senagat parkyna bardylar. Bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar. Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi. Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uçarda dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady.

2025-04-23216