TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Haýyrly işler

Haýyrly işler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sogaply işleri adamlaryň soňsuz alkyşlaryna, sagbolsunlaryna eýe bolýar. Bu diňe ýurt möçberinde däl-de, eýsem, dünýä derejesinde hem şeýle.

Göze gelüwli ymaraty bilen Arkadag şäherine bezeg berip oturan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi kömege mätäç çagalary mähir-alada bilen gurşaýar. Diňe geçen dört ýylyň içinde bu merkezde müňlerçe çagalar şypa tapdy. Bu sogaply işler geljekde-de dowam etdiriler. Çünki Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrundaky tagallalary hemişe ileri tutýarlar.

Binanyň bosagasyndan ätlän pursadyň göwnüňe jaý görnüşler göze ilýär. Çagalaryň şadyýan sesleri, işlerine çulum, eli ýeňil, hoşgylaw lukmanlaryň hyzmata gaýymlygy kalbyňda begenç duýgusyny döredýär. Bina ýagty, hemme amatlyklary bolan otaglar bilen üpjün edilipdir. Gadam urşy gowuşgansyz çagalar üçin dürli reňkler çaýylan sensor ýodajygy, akyl taýdan kadaly ösmedik çagalar üçin ýöriteleşdirilen logopet lukman, massaž-owkalama we beýleki otaglar bilen üpjün edilmegi bu ýerde işleriň birkemsiz, göwnejaý guralmagyna şert döredýär. Döwrebap merkezde gepleýşinde näsazlyk bolan, ysmaz ýaly kesellere sezewar bolan çagalaryň saglygyny dikeltmekde hem bejergi işleri geçirilýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýaş çagalardan başlap, on üç-on dört ýaşly ýetginjeklere çenli merkezde saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde kärine ökde lukmanlar jan aýaman hyzmat edýärler. Olar bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu ýerde bejergi alan çagalaryň, sözüň doly manysynda, durmuşda öz orunlaryny tapýandyklaryny nygtaýarlar. Merkeziň inklýuziw toparly çagalar bakja-bagynyň bardygyny ýatlap, ol ýerde saglygyna gowşan çagalaryň hem terbiýelenýändigini buýsanç bilen mälim etdiler. Merkezde çagalary haýyr tapan eneleriň bolsa, Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallygy diýip-aýdardan kändir.

2025-05-2854