TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ykdysady hyzmatdaşlyk — durnukly ösüş

Ykdysady hyzmatdaşlyk — durnukly ösüş

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornunyň ähmiýeti has-da artýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebit we sebitara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Şonuň netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde uly abraýa mynasyp bolmak bilen, halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny barha berkidýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň sebitde umumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde alyp barýan işleri halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, dünýä döwletleri bilen ygtybarly hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Bu ýokary derejeli halkara ähmiýetli foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyz maslahatda eden taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr». Bu çuň manyly sözlerden belli bolşy ýaly, Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynda abadançylygyň we halklaryň bagtly durmuşynyň hatyrasyna ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Hut şonuň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, abadançylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň abraýly halkara guramalarynyň, kompaniýalaryň we döwlet düzümleriniň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyp, Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek, ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek, durnukly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Bitaraplyk syýasatyny, «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleri we anyk teklipleri öňe sürmegi buýsandyryjy netijelere beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli düzümlerinde bilelikde iri taslamalary durmuşa geçirýän daşary ýurt guramalarynyň, kompaniýalarynyň goşýan goşandy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda iri taslamalaryň onlarçasy üstünlikli durmuşa geçirildi we dowam edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, deňhukuklylyk esasynda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda toplan baý tejribesine daýanýar.

Sebitiň ýurtlary, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, uzak geljegi nazarlaýan bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň ornunyň ykrar edilmegi bolsa buýsançly hakykatdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» hem-de «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we gülläp ösüşi gazanmaga goşýan ägirt uly goşandyny äşgär edýär.

2025-05-2856