TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arşyň nepisligi — türkmen halysy»

«Arşyň nepisligi — türkmen halysy»

Şeýle at bilen ýakynda Arkadag şäheriniň Bagt köşgi toý-dabaralary merkezinde «akylly» şäheriň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 5 — 11-nji synpynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi.

Bäsleşigi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Bilim ministrligi, Arkadag şäheriniň häkimligi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde yglan etdiler. Ol gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy ýaş nesle ýetirmek hem-de olary gorap saklamak, kämilleşdirmek we dünýä ýaýmak maksady bilen geçirildi.

Bäsleşik dört şertden ybarat boldy hem-de 3 dereje boýunça geçirildi. Şeýlelikde, emin agzalarynyň beren bahalaryna görä, 1-nji derejede baş baýraga Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji, I orna 4-nji, II orna 2-nji orta mekdepleriniň hem-de III orna 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumyň toparlary mynasyp boldy. 2-nji dereje boýunça şäherdäki 2-nji orta mekdebiň topary baş baýragy, 3-nji, 4-nji orta mekdepleriň, 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumyň toparlary degişlilikde I, II, III orunlary eýelemegi başardylar. Bäsleşikde 3-nji derejede 4-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlary baş baýragy, 3-nji, 2-nji orta mekdepleriň hem-de 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumyň toparlary degişlilikde I, II, III orunlary eýelediler. Ýeňijiler yglan edilenden soňra olara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

2025-05-2810