
«Galkynyş» — Stambul festiwalynda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly üstünlikli geçirildi. Bu festiwala dünýäniň 6 gezek çempiony «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzda, şeýle hem dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklere, festiwallara gatnaşyp, bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladýar.
2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede üstünlik gazanyp, Monaka Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp bolmagy ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesi boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ajaýyp üstünlikleri ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýyny has-da belende galdyrdy.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, 2013-nji ýylyň dekabr aýynyň 13 — 19-y aralygynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary doganlyk Türkiýe Respublikasynda döredijilik iş saparynda bolupdy. Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde guralan çykyşlara şäheriň ýaşaýjylary, myhmanlary we Türkiýäniň dürli künjeklerinden behişdi bedewlerimiziň we sirk sungatynyň muşdaklary gatnaşypdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp günlerinde Stambul şäherinde geçirilen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň görkezen ýokary ussatlygy, ahalteke bedewlerine erk edişi, türkmen jigitleriniň ýerine ýetirýän milli oýunlary, sazly çykyşlaryň bir bitewüligi emele getirişi festiwala gatnaşýan tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen tebigatyndan alan ajaýyp görki, özboluşly hereketleri, owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy bilen türkmen bedewlerimiz 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň parlak ýyldyzyna öwrüldi. «Galkynyşyň» şular ýaly festiwallarda çykyş etmegi, türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmagy bu gün ähli türkmen halkyny begendirýär. Bu toparyň düzüminde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we bagtyýar talyplarynyň bolmagy bizi has-da buýsandyrýar. Akademiýada «Milli at üstündäki oýunlar», «Sirk sungaty», «Atly sport we atly syýahatçylyk» ýaly taýýarlyk ugurlarynyň hereket etmegi we şol ugurlarda bilim alýan talyplaryň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmagy buýsandyryjydyr. Bu bolsa ýokary okuw mekdebinde halkara derejeli hünärmenleriň taýýarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.