TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Eneleriň alkyşy

Eneleriň alkyşy

Güljan BAÝRAMOWA,
Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy:

— Gyzym Çeper 2019-njy ýylda doglan. Çagamyň heniz 6 aýlyk wagty saglygynyň ugry bolman başlady. Lukmanlar onuň akyl taýdan hem-de sözleýişinde yza galýandygyny aýtdylar. Ene öz çagasyny hemişe goraglap, ezizläp gezýär. Gyzymyň saglyk ýagdaýyna lukmanlar tarapyndan berlen netijäni bildik. Haýal etmänem gyzymyň saglygyny dikeltmegiň ugruna çykdyk. Maşgala lukmanymyz bilen maslahatlaşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldim. Merkezdäki kämil enjamlaryň, hoşgylaw, eli ýeňil lukmanlaryň kömegi bilen Çeper jan barha gowulaşýar. «Ulalsam lukman boljak. Ak halat geýjek. Çagalary bejerjek» diýip, öz arzuwlaryny ynamly aýdyp bilýär. Çagalaryň saglygy hakda örän uly alada edýän lukman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp taňryýalkasyn aýdýaryn.

Maýa SEÝTIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy:

— Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bejergi almak üçin Daşoguz şäherinden geldik. Oglum Aman jan 2014-nji ýylda doglan. Onuň ysmaz keseli bar. Hereketi hem deň-duşlaryny göreniňde çäkli. Şunuň üçin oglumy operasiýa etdiler. Bejergiler çagamyň saglyk ýagdaýyna gowy täsir etdi. Oglumyň saglyk ýagdaýy üçin dowamly bejergi alsak, has-da gowulaşyp gitjegine ýüregimde ynam döredi. Oglumyň bejergilerini alandan soň, saglygy öňküsinden gowulaşmagy onuň, aýdymçy bolmak höwesini artdyrdy. Aman jan indi hem aýdym aýdyp, hem saz çalyp bilýär. Bu ýerdäki döwrebap enjamlar, lukmanlaryň kärine bolan söýgüsi, işine bolan yhlasy çagamyň saglyk ýagdaýyna gowy kömek etdi. Biziň bu ýerde alýan sagaldyş-dikeldiş işlerimiziň ähli harajatyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzda adamyň, hususan-da, çagalaryň saglygynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny aňladýar. Ylaýym, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

2025-05-2857