TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag sahawaty hemaýat

Arkadag sahawaty hemaýat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Nesip bolsa, bu sahawatly işlerimizi geljekde-de dowam ederis.

Ata-ene üçin perzendinden eziz näme bar?! Edil şonuň ýaly perzent üçin hem ata-eneden eziz ynsan ýok. Eger ata-enäniň iň uly arzuwy perzendini kemsiz-köstsüz ulaldyp, ulus-ile, Watana wepadar, kemally, kesp-hünärli şahsyýet edip ýetişdirmek bolsa, perzendiň hem arzuwy ata-enesiniň özi üçin edýän arzuwlarynyň mynasyp wysalyna öwrülmekdir. Bu iki asylly maksadyň hasyl bolmagy jemgyýet, şol sanda döwlet üçinem örän bähbitli. Emma bu — durmuş. Ol seniň iň arzyly arzuwlaryňa ýetmegiň üçin kän-kän synaglary taýýarlaýar. Olardan sag-aman geçmek üçin bolsa öz ýerinde ygtybarly hem sahawatly gollary-da uzadýar. Onsoň ykbalyň tüýs bagtyň geldigi diýdirýän şeýle mümkinçiliklerine duş bolan ynsanyň göwni gülüp, ömri güllemek bilen. Şeýle pikirleri aňyňda aýlap oturyşyňa, göz öňüňde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna şu güne çenli bitirilen işler, munuň netijesinde dil açan eýjejik çagalar, gözleri begenç ýaşyndan, dilleri dogaýy alkyşdan pürepür hamrak eneler janlanýar.

Islendik işiň ýerine düşmegi, asyl maksadyna ýetmegi üçin ilkinji edilen hereketiň dogry bolmagy sebäp bolýar. Gürrüňi edilýän sogap-sahawatly gazna Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen halkyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy-da tüýs ýerine düşen iş. Ulus-iliň dilde waspy, köňülde keşbi bolan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýene bir gez arkaly bolmagyna esas döretdi. Geçen gysga döwrüň içinde gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalaryň geçirilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi hem-de lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi ýürekleri hemişe perzendini il hataryna goşmak arzuwynda ýaşaýan ata-enelere, ylla diýersiň, golundan göterilen ýaly medet berdi. Gözleri umyt uçgunyndan pürepür ata-eneleriň saý-sebäpden ýa-da doga şikesli bolan perzentlerini bagryna basyp, «Şükür! Gün-günden bäri bakýarys. Hamana diýersiň, düýşde ýaly-da» diýen buýsançly sözlerini tolgunman diňlemek mümkin däl. Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilip, onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşiniň öňde goýlan wezipeleri we dürli meseleleri çözmekde gazna hemmetaraplaýyn berýän goldawy-da, ýaş nesle zerur bolan türkmençilik dessurlary bilen çemeleşmekdäki pent-maslahatlary-da özüniň mynasyp netijesini berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny hem-de Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar.

Çaga çaga bolýar. Ol nirede, nähili maşgalada doglandygyna garamazdan, bagtly bolmaga hakly. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýermek isleýän her bir ynsana öz hasabyndan gazna pul geçirip, gunça ýaly çagajyklaryň saglygynyň gül ýaly bolup gitmegine goşant goşmak mümkinçiliginiň döredilmegini-de haýyr-sogaba tarap açylan giň ýol diýip, buýsanç bilen aýdyp bolar.

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 4 ýyl doldy. Şol mynasybetli geçirilen halkara forumda gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň mümkinçiliklerine seredildi. Beýle diýmek, ilkinji nobatda, sogaba baý gaznanyň üsti bilen geljegimiz bolan ýaş nesliň saglygyny goramak bilen bagly has-da uly işleriň amala aşyryljakdygyny, ençeme bejergä mätäç çagalaryň öz deň-duşlarynyň hataryna goşuljakdygyny, ýene-de şonça ata-enäniň egniniň ýazylyp, uludan dem aljakdygyny aňladýar. Bu owadan dünýäde asuda Watanda, onuň goýnunda joşgun bilen dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şondan gowy, sogaply näme bolup biler?!

2025-05-2852