TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Uçurymlar röwşen ýollara rowana

Uçurymlar röwşen ýollara rowana

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrebap derejede ösýär, kämilleşýär. Ähli bilim ojaklary dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmegi üçin ajaýyp şertler we mümkinçilikler döredilýär. 25-nji maý güni şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdeplerde ilkinji gezek 12 ýyl bilim alan okuwçylar ak mekdebi üstünlikli tamamladylar.

Her ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň güni hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy giňden bellenilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu baýramçylyklar bilen Türkmen halysynyň baýramynyň bile gelmegi göwünleri has-da belende göterdi. Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de bu baýramçylyklar uly dabara bilen geçirildi.

Ak mekdebi üstünlikli tamamlaýan uçurymlar saba säherde mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, oňa tagzym etdiler. Geljekki nesil üçin ägirt uly işleri bitiren Berdimuhamet mugallymyň ömür ýoly bu günki günde türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdep, ýol-ýörelge. Uçurymlar Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine hem aýlanyp gördüler. «Taýçanak», «Akhan» binalaryna, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Taryhy-medeni seýilgähine bardylar. Soňra Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary giňden ýaýbaňlandy. Çärelere mugallymlardyr okuwçylar hem-de köp sanly ata-eneler gatnaşdylar. Mekdepleriň dabara meýdançasyna gelýän uçurymlar uly şatlyk-şowhun bilen garşylandy. Dabaranyň dowamynda mugallymlaryň, ata-eneleriň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna hem giň orun berildi. Olarda ildeşlerimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýtdylar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ak mekdebi tamamlaýan uçurymlara ýörejek ýollarynyň ýagty bolmagyny hem-de Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuwladylar. Şeýle-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öz kärine ussat mugallymlara hem-de mekdepde özüni göreldeli alyp baran uçurymlara Hormat hatlary gowşuryldy. «Soňky jaň» dabarasynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda Watanymyzyň ösüşiniň, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspy beýan edildi. Baýramçylyk çäreleriniň ahyrynda parahatlyk nyşany bolan ak kepderleri uçuran uçurymlara ak ýol arzuw edildi.

Şol gün agşamara Arkadag şäherindäki «Oguz han» seýilgähinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Onda, ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Soňra öz kärine ussat mugallymlara hem-de orta mekdepde tapawutlanyp okan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

— Maňa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmat bahaly Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Biz ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, öz saýlan hünärlerimiziň eýesi bolmak üçin ata Watanymyzda ähli mümkinçilikler bar. Nesip bolsa, biz ýaşlar geljekde ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip, bilim derejämizi kämilleşdirip, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşandymyzy goşarys. Biz üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýaryn. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumyň uçurymy Nuraly Allamyradow ýürek sözüni paýlaşdy.

Baýramçylyk konsertiniň başynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri döwrümizi hem-de Aşgabady wasp edýän kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary belentden ýaňlandy. Baýramçylyk konsertiniň küştdepdi bilen jemlenmegi toýlarymyzyň millilige beslenýändiginiň güwäsi boldy.

2025-05-2813