TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Saz sungaty — parahatçylygy dörediji köpri

Saz sungaty — parahatçylygy dörediji köpri

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda Şükür bagşynyň sazyň gudraty bilen öz agasyny halas edişi, halklaryň arasyndaky parahatçylygy döredişi eriş-argaç bolup geçýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Parahatçylygy döretmek sungaty» bölüminde şeýle belleýär: «Meniň üçin Şükür bagşynyň keşbi filosofiki jähetden örän köp taraply bolup görünýär. Ýöne men şu keşpde jemlenen we ony çeper ýordumyň hem-de döwrüň çäklerinden has uzaklara alyp çykýan ideýanyň ählumumy ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir».

«Şükür bagşy» filmi. Onda, elbetde, kinorežissýoryň, operatoryň ussatlygy görünýär. Emma, filme saz ýazan kompozitoryň tagallasy has uludyr. «Şükür bagşy» filmini sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

N.Halmämmedow filmiň her epizodynda bolup geçýän wakanyň mazmunyna laýyklykda özboluşly heňleri döredýär. Filosofik mana ýugrulan bu filmde sazyň beýik güýji ýene bir gez belende galýar. «Bu filmi ýazanymdan soň, men özümi birnäçe wagtlap boşap galan ýaly duýdum. Çünki ähli düýrmegim bilen hakyky keşpleri döretmäge çalyşdym» diýip, Nury Halmämmedow ýatlaýar.

Şunuň bilen baglylykda Ç.Nurymowyň Indira Gandä bagyşlanan kirişli saz gurallar üçin kwartetini mysal getirse bolar. Bu kompozitoryň döredijiliginiň kämil döwürlerinde ýazylan naýbaşy eserleriň biridir. Bu eser Hindistanyň syýasy-jemgyýetçilik wekili Indira Gandiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Ç.Nurymowda hindi medeniýetine bolan gyzyklanma döreýär. Kompozitor Hindistanyň taryhy, filosofik ýadygärlikleri bilen tanyşýar, edebiýat we sungat çeşmelerini ürç edip okaýar. Şonuň üçin hem Ç.Nurymowyň kiçi düzümli simfonik orkestr üçin «Poema-raga», baýan, skripkalar we wiolonçeller üçin «Raga öýkünme» ýaly eserlerinde-de hindi temasy öz beýanyny tapypdyr.

Şeýle hem Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: «Türkmen-seljuk hökümdarlarynyň parahatçylygy söýüjiligi we halallygy baradaky köp sanly taryhy resminamalary beýleki ýurtlaryň ýylýazgyçylary hem galdyrypdyr. Ermeni ýazary Kirakos Gandzakesi Mälik şa uruş we zorluk bilen däl-de, mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun egdirdi diýip ýazýar». Dogrudan hem, Çary Nurymowyň aýratyn tapawutlanýan eserleriniň hataryna Gündogaryň beýik şäheri — Merwe bagyşlanan «Maru-Şahu-Jahan» atly monumental simfoniýasynda-da bu hakykaty eşitmek bolýar.

Häzirki wagtda-da, türkmen kompozitorlarymyz parahatçylygyň ebedi waspy hökmünde birnäçe eserleri döredýärler. Mysal üçin, ýaş kompozitor, Türkmensitanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň «Bitaraplyk» simfoniýasynyň her bölüminiň ady Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden alnypdyr. Orkestriň düzümine dutaryň we gargy tüýdügiň goşulmagy simfoniýa has-da milli öwüşgin çaýypdyr.

Jemläp aýdanymyzda, dünýä nusgawy saz sungatynyň saz gurluş kanunalaýyklyklary, türkmen milli halk sazlarymyzyň gurluş kadalary bilen bitewüligi emele getirýär. Bu bolsa, dost-doganlyk, ynsanperwer gatnaşyklary, parahatçylyk syýasatymyzy, halklaryň medeniýetli gatnaşyklaryny doly goldaýar.

2025-05-2812