
«Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr, Bagtyýarlyk hakykaty älem-jahana aýandyr»
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň dabaralanmagy adamzadyň şu günki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň hem-de howpsuzlygynyň oňyn ugurlarynyň işlenilip düzülmeginde biziň döwletimiziň mynasyp ornuny has-da berkidýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.
Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. «Diplomatiýa, dialog, dürlülik» şygary astynda geçirilýän Doha forumy ählumumy meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda iri halkara platforma bolup durýar. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda Oguljahan Atabaýewa Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda çaganyň saglygy we terbiýesi bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi. Gaznanyň wise-prezidenti şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, ministrleri bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Doha şäherindäki Yslam sungaty muzeýine baryp gördi.
Inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürip
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde «Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek» atly tematik sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, foruma gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň häzirki wagtda tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetini belledi. «Biz çagalarymyz üçin ýaşaýarys, geljekki nesilleriň abadan durmuşy üçin döredýäris we gurýarys. Halkymyz we döwletimiz çagalar üçin aýratyn alada edýär. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly: «Bal süýji, baldan bala süýji». «Çagalar biziň geljegimiz» diýlende, ýene bir nakyly göz öňünde tutýarys: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz». Halk döredijiliginiň bu ajaýyp pähimleri çagalar baradaky alada bilen ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşmegiň özara baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, çagalar baradaky alada we olary terbiýelemegiň däpleri ata-babalarymyzyň gadymy we baý mirasynyň hem-de halkymyzyň medeni özboluşlylygynyň esasy bölegini düzýär» diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda hem-de ahlak taýdan terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Oguljahan Atabaýewanyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra mejlis sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Alypbaryjynyň sowallaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti jogap berdi. Onda öz çykyşyndaky beýan edilen ugurlarynyň Türkmenistan üçin strategik häsiýete eýedigini nygtady. Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri we onuň döredilmeginiň esasy maksady barada has giňişleýin gürrüň berdi.
Netijeli hyzmatdaşlyk
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater we Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşyklary geçirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti katar tarapyna duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda, şol sanda bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi. Kataryň bilim ulgamyndaky taslamalaryna ýokary baha berip, bilimiň we ylmyň jemgyýet ösüşiniň esasy binýady bolup durýandygyny, şoňa görä-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurdaky tekliplere we başlangyçlara açykdygyny belledi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň «Sidra» saglyk merkezine hem baryp gördi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran sapary iki ýurduň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze gözýetimleri açyp, türkmen-katar gatnaşyklarynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy.







