TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / TÜRKMENISTAN — BMG: taryhy Kararnamalar

TÜRKMENISTAN — BMG: taryhy Kararnamalar

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň uzak möhletli maksatlary we Milletler Bileleşiginiň wezipeleri biri-birine doly gabat gelýär. Bu aýdylanlaryň tassyknamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň dürli döwürlerdäki mejlislerinde ýurdumyzyň öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýanlygynda — taryhy Kararnamalary kabul edýänliginde hem görýäris. Şu sanymyzda şol Kararnamalar barada okyjylara ýetirýäris.

1. 1995-nji ýyl, 12-nji dekabr.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama.

2. 2008-nji ýyl, 19-njy dekabr.

«Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama.

3. 2013-nji ýyl, 17-nji maý.

«Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama (ikinji gezek).

4. 2014-nji ýyl, 19-njy dekabr.

«Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama.

5. 2015-nji ýyl, 3-nji iýun.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama (ikinji gezek).

6. 2015-nji ýyl, 22-nji dekabr.

«Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama.

7. 2017-nji ýyl, 2-nji fewral.

12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama.

8. 2017-nji ýyl, 17-nji noýabr.

«BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama.

9. 2017-nji ýyl, 20-nji dekabr.

«Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama.

10. 2018-nji ýyl, 12-nji aprel.

3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama.

11. 2018-nji ýyl, 12-nji aprel.

«Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama.

12. 2019-njy ýyl, 28-nji maý.

«Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama (ikinji gezek).

13. 2019-njy ýyl, 12-nji sentýabr.

«2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama.

14. 2020-nji ýyl, 7-nji dekabr.

«Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama.

15. 2021-nji ýyl, 16-njy aprel.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama (ikinji gezek).

16. 2021-nji ýyl, 29-njy iýul.

«Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama.

17. 2021-nji ýyl, 9-njy sentýabr.

«Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama.

18. 2022-nji ýyl, 15-nji mart.

«Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama.

19. 2022-nji ýyl, 28-nji iýul.

«Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama.

20. 2022-nji ýyl, 6-njy dekabr.

«2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama.

21. 2023-nji ýyl, 24-nji fewral.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama (üçünji gezek).

22. 2023-nji ýyl, 16-njy maý.

26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni atly Kararnama.

23. 2023-nji ýyl, 19-njy dekabr.

«Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama.

24. 2023-nji ýyl, 19-njy dekabr.

«Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama.

25. 2024-nji ýyl, 21-nji mart.

«2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama.

26. 2024-nji ýyl, 6-njy sentýabr.

«Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama.

27. 2024-nji ýyl, 24-nji oktýabr.

«Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama (ikinji gezek).

28. 2024-nji ýyl, 2-nji dekabr.

«Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama.

29. 2025-nji ýyl, 21-nji mart.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama (üçünji gezek).

30. 2025-nji ýyl, 11-nji aprel.

«BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama.

31. 2025-nji ýyl, 14-nji oktýabr.

«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama.

2025-12-1083