Halkara forum: jemgyýetde zenanlara möhüm orun
Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda möhüm waka — «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Bu halkara forum Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzyň gözel künjeginde geçirilen bu halkara maslahat zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmagyň, halkara dialogy giňeltmegiň hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda täze möhüm ädimleriň birine öwrüldi. Forum dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny, parlament wekillerini, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen düzümleriň ýolbaşçylaryny bir meýdança jemläp, häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň ählumumy ösüş üçin möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady.
Bu halkara maslahatyň geçirilmegi birnäçe möhüm nukdaýnazardan aýratyn ähmiýetlidir. Birinjiden, häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ruhy medeniýet ulgamyndaky ornunyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna ýardam edýär. Ikinjiden, maslahatyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň jemleýji döwrüne gabat gelmegi onuň ählumumy ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşygyny görkezýär. Üçünjiden, Türkmenistanyň halkara derejesinde zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek, olaryň mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini görkezdi.
Forumyň işleri umumy mejlisden hem-de üç mowzuklaýyn bölümçeden ybarat bolup, olar zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde, jemgyýetçilik işjeňliginde hem-de bilim-saglyk ulgamlarynda tutýan ornunyň dürli taraplaryny giňişleýin açyp görkezdi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň zenanlarynyň diňe bir jemgyýetçilik ulgamyndaky däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyndaky işjeň ornunyň barha artýandygyny aýratyn nygtadylar.
Forumyň netijeleri hökmünde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak; zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça dünýä tejribesinden ugur alyp, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen täze taslamalaryň işlenilip düzülmegi; durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döwlet-jemgyýetçilik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak; maslahatyň jemleýji resminamasynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.
Halkara zenanlar forumynyň mazmuny bilen gaznanyň alyp barýan işleriniň arasyndaky baglanyşyk birnäçe nukdaýnazardan örän möhümdir. Forumyň ynsanperwer mazmuny gaznanyň alyp barýan beýik işleriniň halkara derejesinde wagyz edilmegine mümkinçilik döretdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň taslamalary geljekki nesil üçin mümkinçilikleriň deň derejede döredilmegine gönüden-göni hyzmat edýär. Bu bolsa zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny güýçlendirmek boýunça ählumumy tagallalaryň möhüm bölegi bolup durýar.
Bu halkara maslahaty diňe bir jemgyýetçilik ähmiýetli çäre bolman, eýsem, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan hem aýratyn üns çekdi. Forum öz beýany boýunça birnäçe möhüm Durnukly ösüş maksatlaryny birleşdirýän çärä öwrüldi. Maslahatyň esasy ugry — zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak — DÖM-5 maksadynyň durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär.
Gaznanyň çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça işleri bu maksat bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Forumda bu ugur aýratyn bellenilip, çagalaryň saglygyny goramakda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi teklip edildi.
Mätäçlik ýagdaýyndaky hem-de aýratyn ukyply çagalaryň bilim mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça gaznanyň edýän işleri DÖM-4 – «Ýokary hilli bilim» maksadyna laýyk gelýär.
Forumyň iň esasy ugurlarynyň ýene biri — halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin täsirli meýdança boldy. Döwletleriň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň hyzmatdaşlygy DÖM-17 maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine hyzmat edýän möhüm ugurdyr. Forum bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň dünýä bileleşigine görkezilmegi, halkara tejribäniň alşylmagy hem-de geljek üçin strategik wezipeleriň anyklanmagy babatda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Awazada geçirilen zenanlar forumy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen gatnaşyjylar üçin hem möhüm halkara meýdança boldy. Forum arkaly Türkmenistan diňe bir sebitleýin däl, eýsem, ählumumy derejede hem gender deňligi, ynsanperwerlik goldawlary we jemgyýetçilik ösüşi boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýändigini görkezdi. Bu halkara zenanlar maslahaty türkmen jemgyýetinde gender deňliginiň pugtalandyrylmagy, zenanlaryň jemgyýetçilik-ykdysady mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm wakadyr. Forumda jemgyýetde zenanlaryň ornunyň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigi giňden wagyz edildi.
Netijede, bu forum diňe bir adaty duşuşyk bolman, ol geljekde hem dowam etjek möhüm halkara hyzmatdaşlygynyň we jemgyýetçilik ösüşiniň täze tapgyryna ýol açýan möhüm syýasy-jemgyýetçilik başlangyjy hökmünde hyzmat eder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň we çagalaryň abadançylygy, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ägirt uly goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.







