
Mert çykar myhmana güler ýüz bilen
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen döwletliliginiň buýsançly ösüşini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň netijelerinde, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik we beýleki gazanylýan üstünliklerde görmek bolýar.
Türkmen halkynyň buýsanjy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy ýetip gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň şanly senesini alamatlandyrýan bu baýramçylyk Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäde giňden bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat geldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem uly mana eýedir. Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda Bitaraplygyň we abadançylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Çünki jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn ösüş syýasatynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy aýratyn orun eýelemek bilen, durnukly we sazlaşykly ösüşe oňyn täsir edýär.
Häzirki wagtda ýylyň dowamynda geçirilen halkara çäreleri, dekabr aýynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum giňden wagyz edilýär. Bu çäräni guramaçylykly geçirmek bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen myhmana hormat goýlup aýdylýan «Gelen — döwlet» diýen paýhasly ýörelgämize eýerip, myhmanlary ýokary derejede garşy almak, halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň, habar beriş serişdeleriniň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegi babatda işler alnyp barylýar. Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesini, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri täsirli beýan etmek, şol bir wagtda söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýetiniň ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik däplerine laýyk bolmagyna üns berilýär. Bu babatda halkara forumy ýokary derejede geçirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Karara hem gol çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde yzygiderli nygtaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem asylly däbe öwrüldi. Munuň özi giň möçberli halkara çäreleriň talabalaýyk guralmagynda, olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýakynda-da guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirip, paýtagtymyz Aşgabatda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Onda hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini aýtdy. Çäreleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň ugurlaryna doly laýyk gelmelidigi baradaky maslahatlaryny berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ak mermerli Aşgabat halkara giňişlikde gözelligiň hem-de geljegiň şäheri hökmünde ykrar edilýär. Milli binagärligiň iň gowy däplerini, häzirki zamanyň öňdebaryjy şähergurluşyk tejribelerini özünde jemleýän dürli maksatly desgalar ýokary derejedäki durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze keşbini emele getirýär. Häzirki döwürde paýtagtymyz sebitiň innowasion, ylym-bilim, medeniýet we senagat merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Şeýle-de ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara forumlaryň, sergileriň we giň möçberli çäreleriň yzygiderli guralýan mekanyna öwrülmegi guwandyryjydyr.







