TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Çagalaryň baýramçylyk şatlygy

Çagalaryň baýramçylyk şatlygy

Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň inklýuziw toparly çagalar bakja-bagynda mümkinçiligi çäkli bolan we sagdyn hem-de merkezde bejergi alýan çagalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Dabarada bagtyýar çagalar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini goşgulardyr aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Döredijilik ukyplary bilen dost-doganlyk halklaryň milli aýdym-sazlaryny, tanslaryny ýerine ýetirdiler. Bakja-bag toparyň çagalary «Alkyşnama» goşgusyny, gyzlardan düzülen topar «Parahatlyk guşy» sazyna «Akja kepderi» ýaly tanslary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem merkezde bejergi alýan çagalaryň ýerine ýetirmeginde «Bitaraplyk — bagtym meniň», «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!», «Bitaraplyk aýdymy» ýaly aýdymlar belentden ýaňlandy.

Ýeri gelende aýtsak, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berilýär. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Diňe şu ýylyň özünde merkezde 900-e golaý çaga bejergi aldy. Häzirki döwürde haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän düzüme öwrüldi. Munuň özi ýaş nesilleriň sagdyn ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi hem buýsançly başlarymyzy göge ýetirýär.

2025-12-0316