
Arkadagyň parahatlyk şäheri
Diýar hem dünýä toýly günleriň bosagasynda. Hawa, bu baýram diňe ýurdumyzyň, agzybir-jebis ilimiziň däl, eýsem, giň dünýäniň baýramy. Halkara Bitaraplyk gününde 30 ýyl dolýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz tutuş adamzadyň bähbidine gönügýän barlyk ahbetin.
Bu baýram ýurdumyzyň çar künjünde tutuş ýylyň dowamynda toýlanyp gelinýär. Onuň öwüşgini Arkadag şäherinde bir başga. Çünki Beýik Ogluň akyl-aňyndan, pähim-paýhasyndan, ynam-yhlasyndan kemala gelen bu şäher parahatlygyň, asudalygyň, abadançylygyň şäheri. Arkadag şäheri — parahatçylygyň merkezi.
Şanly we sanly şäherde adamlaryň bolelin, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşaýandygyny synlanyňda, bu ýerdäki çagajyklaryň şatlykly keşplerine gözüň düşende, düýbünden üýtgeşik dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Bu ýerde bilbiller saýraýar, bagt nury çar ýana ýaýraýar, gursaklarda goşgy gaýnaýar. Onsoň, nädip wasp etmejek, tarypyny ýetirmejek?!
Diýarymyzy — ata mekanymyzy, «akylly» Arkadag şäherini Bitaraplygyň, parahatçylygyň äleme ýaýylýan merkezine öwren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymy ýollaýan.
Bu gurluş täzeden bina eýlenen,
Ýyllap däl-de, sähel salym eglenen.
Zynatyňy tutuş dünýä bermenem,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Ýyllar geçer, saýlanarsyň her haçan,
Gupba ýaly şaýlanarsyň her haçan.
Asuda gujagyň dünýäni açan,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Güllejegiň maglum bize asyrlap,
Dost-doganlyk merkezisiň asyl-ha,
Ýylynarsyň, ýylgyrarsyň kalbyň sap,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Beýik Ogluň ýüregi sen, kalby sen,
Ýazlary sen, ýagmyry sen, pasly sen.
Jemläp aýtsam, rahatlygyň asly sen,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Bu kent mynasypdyr goýlan ismine,
Keşdeler haýrandyr inçeligine.
Asyrlar göz ýeti:r belentligine,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Tarypyňy diller ýeti:r aýdymda,
Giň gujagyň Kuýaş kibi aýdyň-la.
Dogrusy, men seni uçmah saýdym-la,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Hudaý saglyk bersin seni oýlana,
Bitaraplyk baýramyny toýlana.
Karar ýokdur waspyň soňa goýmaga,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Bu sözler ýadygär galýandyr menden,
Synlaýan, görnüşiň owadan çenden.
Sünnäli, siňňitli eser bu Belentden,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Beýigi berene kändir hoşlugym,
Bagyş eýländirin, budur joşgunym,
Bitaraplyk baýramynda buşlugyň,
Arkadagyň parahatlyk şäheri!
Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.







