TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ymaratlar yhlasyňdan, Arkadag!

Ymaratlar yhlasyňdan, Arkadag!

Milli Liderimiziň Arkadag şäherine sapary

 

Bu şäher öz-özünden döremedi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinde belleýşi ýaly, öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäheri — Milli Liderimiziň kalp töründen, ylahy ylhamyndan, yhlasyndan bina bolan binagärlik eseri. «Akylly» şäher döwrüň innowasion sepgitleri bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçen şenbede, 29-njy noýabrda bu ýere amala aşyran sapary geljegiň şäheriniň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini tassyklady.

Baş binagärimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Polatly» binasyndan gündogarlygyna uzaýan durky döwrebaplaşdyrylýan ýolda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Ýoluň asfalt düşeginiň birnäçe gatlakdan ybarat bolmagy, onuň degişli derejede dykyzlygyny we uzak ýyllaryň dowamynda berkligini kesgitleýär. Häzirki zamana mahsus aýna ýaly tekiz bolmagyny şertlendirýär. Şäheriň ajaýyp künjeginde ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder. Bu belentlikden täze dörän, asyryň şäheri adyny alan Arkadag şäherini synlamak öňkülerden-de has ajap bolar. Atlaryň gezim etjek ýollarynyň hem bu ýerde bolmagy, «akylly» şäheriň ýene-de bir aýratynlygyna öwrüler. Şaýolda atlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bu mekanyň behişdi bedewler bilen şöhratlandyrylmasynyň üstüni ýetirer.

Synlaýan suratyňyzdan hem görnüşi ýaly, Arkadag şäheri dag eteginde ýerleşmek bilen, ekologiýa taýdan arassa şäher. Bu ugurda şu ýylyň martynda halkara güwänama eýe bolmagy ýöne ýerden däl. Dag tebigaty bilen ajaýyp sazlaşygy döredýän ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy Milli Liderimiziň halk üçin irginsiz yhlas aladasydyr. Şäheriň şypaly howasy atly gezelenç etjeklere hem hoşwagtlyk eçiler.

Şäher ýaşaýjylary üçin sapaly pursatlary bagyşlajak seýilgähde hem netijeli işler alnyp barylýar. Saparynyň barşynda Milli Liderimiz seýilgähde oturdyljak behişdi bedewleriň heýkelleri, bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bedewler ruhy joşgunyň nyşany hökmünde seýilgähe aýratyn ýaraşyk berer. Arkadag şäheriniň gözelliginiň üstüni ýetirer.

Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda gurulýan 30 000 orunlyk şäheriň baş metjidiniň gurluşyk meýdançasyna gelip, alnyp barylýan işleri synlady. Zerur şertler boýunça degişli ýolbaşça tabşyryklaryny berdi. Sogap işleriň nusgasy bolan metjit Arkadag şäheriniň ähli ýerinden, heniz şähere ýetmänkäň hem uzaklardan seleňläp görünýär. Munuň özi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory baş binagärimiziň sünnä sungatda iňňän inçe oýlanyşyklydygyny, her bir işe öňdengörüjilik bilen çemeleşýändigini aňladýar. Hajy Arkadagymyzyň öz adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem metjide golaý gurulmagy Arkadag şäheriniň ynsanperwerligiň, sahawatyň şäheridigini dünýä buşlaýar. Şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna dahylly işçileriň her biri ýol gurmak, bina galdyrmak ýaly sogaply, taryhy işlere goşant goşýandyklaryna buýsanmak buýsanýarlar. «Akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň binalary gözümiziň alnynda daglar bilen bäs edýär. Bu ýerde hem ildeşlerimiziň müňlerçesi jaýly bolarlar, müňlerçesi iş orunlary bilen üpjün ediler.

Bu beýik işleriň sakasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda özüniň paýhasy bilen ajaýyp durmuşy serpaý edýän Gahryman Arkadagymyz bar. Milli Liderimiziň şanly şähere hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň ýakynlap gelýän günlerinde mübärek sapary bilen gelmegi parahat ýurda diňe gülläp ösüşleriň ýar bolýandygyny, Arkadag şäheriniň Ýer ýüzüne parahatçylygyň nusgasydygyny alamatlandyrdy.

 

Guwanç MÄMIÝEW.

«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.

2025-12-0332