
Bitaraplyk — mizemez mertebe
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ýolunda toplan tejribesi Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň 1992-nji ýylda geçirilen mejlisinde Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugry hökmünde yglan eden wagtyndan gözbaş alýar. Munuň özi diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň şerti hökmünde täze Bitaraplyk filosofiýasynyň döreýändiginiň beýany boldy.
Ýurduň Bitaraplyk derejesiniň 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde, Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde ýokary derejede ykrar edilmegi taryhy waka alyp barýan ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň taryhynda ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasy esasynda biragyzdan kabul eden çözgüdi. Ol soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji Kararnama bilen berkidildi. Türkmen halkyny buýsandyryjy wakalaryň biri hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegidir. Bu bolsa Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklamak bilen, onuň diňe bir ýurt üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin gymmatlyk bolup durýandygyny görkezýär. Bulardan başga-da, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirilip, onuň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasy kabul edildi. Foruma gatnaşyjylar 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky teklibe seretmek başlangyjy bilen çykyş etdiler. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasynda öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi, bulardan başga-da, 2022-nji ýylda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň, şeýle-de bu resminamanyň 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde ikinji gezek kabul edilmegi üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir etdi. Onuň esasy ýörelgeleri BMG-niň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşini üpjün etmek hem-de gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmek we geljek nesilleri uruş howpundan azat etmek ýaly maksatlary bilen gabat gelýär. Çalt depginler bilen özgerýän dünýä ýagdaýlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti has-da artýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Konstitusion kanun bilen berkidilip, ol ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda çuňňur beýanyny tapýar. Bu syýasat parahatçylygy, dialogy, özara hormat goýmagy baş ugur edinýän türkmen halkynyň taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýar. Bitaraplyk ýörelgeleri dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysady, durmuş, medeni, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly başlangyçlarda öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan kararnamasynda beýan edilen pugta, durnukly hem-de adalatly dünýäni gurmak işinde halkara bileleşiginiň erk-islegini ösdürmek hem-de muňa iş ýüzünde uzak möhletli itergi bermek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler.
Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar.







