
Eneleriň abatlyk arzuwlary dünýäni ýaşadýar
Parahatçylyga sarpa goýýan her bir ynsanyň, her bir ýurduň, her bir bileleşigiň baş maksady dünýäniň asudalygy, halklaryň dostlugy bolup durýar. Bu irki döwürlerde-de, şu günki günde-de şeýle, arzuwlar, maksatlar bir düşünjede — parahatçylykda jemlenipdir. Munuň şeýledigini parahatçylygyň kepiline öwrülen forumlar, dialoglar hem doly tassyklaýar.
2022-nji ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogynyň geçirilmegi «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly pelsepäniň işjeň durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Elbetde, bu forum parlament diplomatiýasyny we zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksadyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz dialoga gatnaşyjylara: «Zenanlar öz ýurtlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — döwletleriň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarynda zähmet çekýärler, daşary syýasy işlere gatnaşýarlar, telekeçilik bilen üstünlikli meşgullanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde tapgyrlaýyn waka öwrüljek bu dialog parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has artdyrylmagyna ýardam berer» diýip, zenanlaryň parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklaryna aýratyn orun berýär.
Dialoga gatnaşan wekiller ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, gender syýasatyny durmuşa geçirmek meseleleri barada çykyş edip, «türkmen halky ähli döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli alyp barýan, hoşniýetli, myhmansöýer, milli däp-dessurlaryny saklap gelýän halk» diýip, aýratyn bellediler. Russiýa Federasiýasyndan gelen wekil Walentina Matwiýenko türkmen zenanlarynyň halkara gatnaşygyndaky orunlarynyň belentdigini, olaryň jemgyýetçilik işlerinde işleýändiklerine garamazdan, nesil terbiýesine aýratyn üns berip, sagdyn maşgalanyň kemala gelmeginde uly işleri ýerine ýetirýändiklerine ünsi çekdi. Elbetde, asuda, parahat ýurtda sagdyn nesil kemala gelýär. Şonuň üçin her bir zenanyň islegi ýurt abadançylygydyr.
* * *
Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat hem zenanlaryň nurana geljegiň bähbidine işjeň tagalla edýändigini alamatlandyrar.
Türkmen zenanlary, mährem eneler bu günki gün kämilligiň nusgasy bolup ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly işleri alyp barýarlar. Enelerimiz, zenanlarymyz arassa asmanyň astynda, parahat ýurtda, çagajyklaryň gülki sesleriniň mydama ýaňlanyp durmagyny, bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegini arzuw edýärler. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Eneleriň ýüregindäki alkyşlary dünýä dolýar. Dünýä hem olaryň «diline» düşünýär.
Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly.
Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.
Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar» diýip belleýär.
Ene ýüreginiň owazy bütin dünýäni läle-reýhana getirýär. Eneleriň dilegi mydama hasyl bolýar diýilýär. Şonuň üçin, goý, enelerimiziň arzuwlary mydama hasyl bolup, ýurt parahatçylygy bilen halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklary dowamat-dowam bolsun!







