
«Kompozitora» halkara baýrak
Ýakynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper film Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragyna «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça mynasyp boldy.
«Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragynyň gowşurylyşy 27-nji noýabrda Moskwa şäheriniň Nikita Mihalkowyň «12» atly ussahanasynda geçirildi. Bu kino baýragynyň gowşurylyşy şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Dünýäniň abraýly kinoçylaryny bir ýere jemlän bu baýragy russiýaly kinorežissýor Nikita Mihalkow esaslandyrýar. Abraýly baýrak meşhur «Oskar» baýragynyň alternatiwasydyr diýsek hem bolar. Ol filmde halkyň ruhuny, däp-dessuryny, ahlak gymmatlyklaryny ýaýbaňlandyrýan kinoçylary goldamak maksady bilen döredilendir.
Bäsleşige Russiýa, Hytaý, Eýran, Türkmenistan, Türkiýe, Günorta Afrika Respublikasy, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Kanada, ABŞ ýaly döwletlerden jemi 34 sany film hödürlendi. Olaryň arasynda ýurtlaryň bilelikde düşüren filmleri hem bar.
12 ugur boýunça bahalandyrylýan «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino bäsleşiginde türkmenistanly kinoçylar tarapyndan hödürlenen «Kompozitor» atly çeper filme tanymal sungat işgärleri tarapyndan gowy bahalar berildi. Goýujy-suratkeş Meýlis Hudaýberenow bu filmde ýerine ýetiren işi üçin «Iň gowy suratçy» ugry boýunça baýraga eýe boldy. Kino lentasynyň üstüne gonan kebelek şekilindäki heýkeli ildeşimize Russiýanyň görnükli kino wekilleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«Kompozitoryň» bu üstünligi ilkinjisi däldir. «Kompozitor» atly çeper film 2024-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli halk köpçüligine ýetirildi. Film tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Sazyň täsinlikleri, adamyň saglygyna, ruhy dünýäsine ýetirýän täsirlerini içgin açyp görkezýän bu film köp sanly oňyn teswirlere mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän film ülkämize nobatdaky gezek üstünlik getirdi, halkara derejesindäki abraýyna abraý goşdy. Bu bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri bilen barýandygyny görkezýär.







