TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Bagtyýar çagalygymyz Arkadagymyz bilen!»

«Bagtyýar çagalygymyz Arkadagymyz bilen!»

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy

 

9-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa açylyş dabarasyndaky çykyşynda şu günki taryhy wakanyň — haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasynyň ähmiýetini nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň bu ajaýyp zolakda açylmagy çagalaryň diňe lukmançylyk kömegi däl, eýsem, dynç almagy üçin hem oňyn şertleri döreder. Oguljahan Atabaýewa bu wakanyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna mynasyp sowgada öwrüljekdigine berk ynam bildirip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwerligiň binýadydygyny, ýurdumyzyň halkara giňişlikde amala aşyrýan işleriniň özenidigini nygtady. Ýurdumyzda haýyr-sogaply işleriň amal edilmegine giň gerim beren Gahryman Arkadagymyzyň, täze taryhy döwürde şol asylly işleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini dileýäris diýip, Oguljahan Atabaýewa çykyşyny jemledi.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýurdumyzyň Döwlet tugy, soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanan ýörite sazyň ýaňlanmagynda gaznanyň baýdagy galdyryldy. «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşy bolsa, tomaşaçylara şatlyk paýlady. Soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şowhunly el çarpyşmalar astynda binanyň toý bagyny kesdi. Dabara gatnaşyjylar täze, döwrebap binada döredilen şertler bilen tanyşdylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen milli tagamlarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Sergi diňe bir tagamlary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň taryhy, edim-gylymlary, maşgala we jemgyýet bilen baglanyşykly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýär. Myhmanlara çörek, pişme, palaw hem-de dograma ýaly milli aşhanamyzyň naýbaşy tagamlary hödürlenildi.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň, çagalaryň saglygyny goramak babatda toplanan tejribäni alyşmagyň, iki halkyň asylly däplerine laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

2025-12-1082