
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana»
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Düýn Gahryman Arkadagymyz türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Myhman döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Gahryman Arkadagymyz türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysyny möhüm baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda kabul etmäge şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Bu ugurda türkmen-awstriýa dostluk topary Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrýan köpri bolup durýar we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Myhman pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gahryman Arkadagymyz türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň Türkmenistana saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilýär.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýeri gelende bellesek, 8-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşmagy sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornunyň ähmiýetini görkezdi. Şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydygy nygtaldy. Ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Kaha Imnadze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







