TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / BMG-niň Baş sekretary Antoniu GUTERRIŞ:

BMG-niň Baş sekretary Antoniu GUTERRIŞ:

— Türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berýäris. Parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär.

* * *

Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtaýarys. Tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy maksat edinýän türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlary we köpugurly işi aýratyn ähmiýetlidir.

 * * *

BMG-de dürli wezipelerde 20 ýyla golaý Türkmenistanyň Hökümeti bilen işleşdim we guramanyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hökmünde amala aşyran ilkinji saparymda Türkmenistanyň Hökümeti raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseläni netijeli çözdi. Munuň üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

2025-12-1081