
Döwletli ojak
Arkadag şäheri ýüzlerçe bagtyýar maşgalanyň eşretli durmuşda ýaşaýan, döwrebap şertlerde zähmet çekýän, ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda bilim-ylym öwrenýän mekany. «Akylly» şäherde rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany bolan köp çagaly maşgalalar hem bar. Şolaryň biri hem Annamämmedowlaryň maşgalasydyr.
Öýlerine baranymyzda bizi maşgalabaşy Amanmuhammet türkmen myhmansöýerligi bilen garşylady. Amanmuhammet bilen Ogulsenem gelneje 2009-njy ýylda durmuş gurupdyrlar. Sekiz çaganyň iň ulusy Gurbanmuhammet şol ýyl, körpeleri Baýrammuhammet bolsa 2022-nji ýylda doglupdyr. Köp çagaly maşgalada ýetişmegiň nähilidigini Amanmuhammet gowy bilýär. Sebäbi olaryň özi hem maşgalada sekiz dogan bolup önüp-ösüpdirler. Ol çagalaryň ýedinjisi eken. Doganlary bilen elmydama ysnyşykly gatnaşýandyklaryny, öz çagalaryna hem şony arzuw edýändigini buýsanç bilen gürrüň berýär.
Çagaly maşgala — döwletli maşgala. Sekiz doganyň käbesi Ogulsenem gelnejemiz Arkadag şäherindäki jemagat hojalygy müdirliginde zähmet çekýär. Sekiz çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdirýän Ogulsenem gelneje 2023-nji ýylda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr. Köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan goldanýandygy üçin Annamämmedowlaryň maşgalasy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza taňryýalkasyn aýdýarlar. Olar häzirki döwrüň ösen şertlerinde durmuşyň ähli mümkinçiliklerinden we şertlerinden peýdalanyp, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar.
Şu ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Täze jaýly bolmak bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalaryň arasynda Annamämmedowlaryň maşgalasy hem bardy. Olar şol gün Muhammet Ataýew köçesinde ýerleşýän 5 gatly ýaşaýyş jaýyndan 5 otagly täze öýleriniň bosagasyndan ätlediler.
Köp çagaly öýde ýüregiň gysjak gümany ýok. Çaý başyndaky gürrüňdeşligimiz gyzyşyberensoň, doganlaryň ulusyndan başlap, hemmesi-de söhbede goşulyşyp ugradylar. Amanmuhammet bolsa çagalary bilen tanyşdyrmaga durdy. Gurbanmuhammet 2009-njy, Güljahan 2012-nji, Halmuhammet 2014-nji, Azatmuhammet 2016-njy, Nurjahan 2017-nji ýyllarda doglupdyr. Mekdep ýaşyna ýeten çagalary 2024-2025-nji okuw ýylyny Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde tamamlapdyrlar. Olar täze okuw ýylyny Arkadag şäherindäki 2-nji orta mekdepde dowam etjekler. 2019-njy ýylda doglan Seýranmuhammet bolsa ilkinji gezek şol mekdebiň bosagasyndan bilimler dünýäsine tarap gadam basarman. Doganlaryň iň körpejeleri 2020-nji ýylda doglan Aýjahan we 2022-nji ýylda doglan Baýrammuhammet hem «akylly» şäheriň çagalar bagynda terbiýelenerler.
Doganlar medeniýet, sungat we daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen gyzyklanýarlar. Olaryň ene-atasy Amanmuhammet bilen Ogulsenem bolsa Arkadag şäherinde dil öwrenmek üçin hem, sungat bilen meşgullanmak üçin hem ähli mümkinçilikleriň bardygyny buýsanç bilen belleýärler. Döwletli maşgalanyň agzalary Arkadag şäherinde ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, öwrenmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar.