TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Şat dünýämde ýaýnaýan, men ýaýnaýan...»

«Şat dünýämde ýaýnaýan, men ýaýnaýan...»

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ukyply, zehinli, başarjaň nesli terbiýeläp ýetişdirmekde duýgulary ösdürmek boýunça guralýan sapaklaryň ähmiýeti örän uludyr. Duýgulary terbiýelemek akyl terbiýesiniň esasy özeni hasaplanylýar. Çagalaryň daşky dünýäni özleşdirmeginde, olary sapakda we gündelik durmuşda öwrenmäge taýynlamakda körpeleriň duýgulaýyn tejribeleriniň täsiri möhümdir.

Geçilýän sapaklarda terbiýäniň dürli görnüşleri esasynda berilýän maglumatlar körpeleriň maşgalada alan düşünjeleriniň üstüni ýetirýär. Sözleýşiniň, pikirlenşiniň baýlaşmagyna, kämilleşmegine täsir edýär. Şu nukdaýnazardan hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda duýgulary ösdürmek sapaklary wajyp orun tutýar.

Duýgulary ösdürmek boýunça okuw maksatnamasynda syzyş duýgularyny ösdürmek, predmetiň özboluşlylygyny tapawutlandyrmagy (ýylmanak, mymyk, büdür-südür, ýumşak, gaty, agyr, ýeňil, sowuk, ýyly we beýlekiler) we olary dogry atlandyryp bilmegi öwretmek bilen bir hatarda tagam biliş duýgularyny ösdürmek boýunça temalar hem göz öňünde tutulýar. Şeýle-de giňişlik gatnaşyklaryny: öňde-yzda, aşakda-ýokarda, uzakda-ýakynda, çepde-sagda we beýleki düşünjelerini özleşdirmek üçin temalar hödürlenýär. Körpeler bu düşünjeleriň üsti bilen predmetleriň şekilini, ululygyny tapawutlandyrmagy, olary öz aralarynda deňeşdirmegi öwrenýärler, kem-kemden wagt düşünjelerini: wagty kesgitlemegi, yzygiderliligini we dowamlylygyny aňlap, özleşdirmäge girişýärler. Şeýlelikde, terbiýeçiniň alyp barýan işleriniň netijesinde, mekdebe çenli ýaşly çagalarda duýgulary ösdürmegiň ähli taraplary amala aşyrylýar. Eýýäm irki ýaşlardan başlap, çaganyň duýgulaýyn göz öňüne getirmeleri uly ähmiýete eýe bolýar. Çagalara reňk, şekil, ululyk, predmetiň özboluşlylygy baradaky düşünjeleri öwretmek, saz we ene dilindäki sözleýşi diňletmek zerur bolup durýar. Duýgy terbiýesiniň wezipeleri sapaklaryň ählisinde, ýagny aýdym-saz sapagy, beden saglygy, şekillendiriş sungaty, sözleýşi ösdürmek we beýleki sapaklarda öz maksadyna eýe bolýar. Irki ýaşda alnyp barylýan oýunlaryň netijesinde barmaklarynyň ownuk hereketleriniň täsiri arkaly çaganyň beýnisinde ýerleşýän sözleýiş merkezi ösýär, kämilleşýär. Körpe ulaldygyça, ýaş aýratynlygyna laýyklykda, oýunlaryň maksady giňelip, alnyp barylýan işler tebigat gözelligi, reňkler, sanlar, zähmet işleri bilen baglanyşykly düşünjeleri özleşdirmegine gönükdirilýär. Bu işler çaganyň psihologik we fiziologik ösüşine täsir etmek bilen, sagdyn çagalaryň kemala gelmegine getirýär. Dürli maşklar arkaly el hereketleriniň barha kämilleşmeginiň sözleýşiň ösmegine täsir edýändigine ata-babalarymyz gowy düşünipdir. Olar «çapak-çapak elleri» diýip, çagajyga çapak çarpdyrmak bilen, elleriniň hereketleriniň kämilleşmegine, «ýörjen-ýörjen, ýöre bala!» diýen, sazlaşykly setirleriň üsti bilen çaga höwesli hereket etdirip, ýöremegi öwredipdirler. Eneler hüwdüleriň üsti bilen gowy-gowy arzuwlaryny çaganyň aňyna guýupdyr.

Oýunlary döreden ata-babalarymyz onuň terbiýeçilik tarapy bilen birlikde ösdürijilik, öwredijilik tarapyny hem gözden salman, çaganyň pikirlenşiniň ösmegini hem göz öňünde tutupdyrlar.

Türkmen milli oýunlarynyň halk döredijiliginiň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagy kiçi ýaşly çagada hem, uly ýaşly çagada hem joşgunlylygy (emosiýany) döredipdir. Bu işler çaganyň sözleýiş medeniýetiniň kämil bolmagyna, söz gorunyň baýlaşmagyna ýardam edipdir. Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlaryny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek bilen, türkmen jemgyýetiniň ruhy ösüşini, döwletiň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň binýadyny berkidýär. Her bir oňyn täzeligiň ösüp gelýän ýaş nesillerden başlanmagy — bu nesil aladasy, halkyň aladasy, dowamatyň — geljegiň aladasy bolup durýar.

2025-05-2859