TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arkadag» topary ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin Kuw...

«Arkadag» topary ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin Kuweýte gitdi

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsüminiň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin, şu gün, 18-nji oktýabrda säher bilen Kuweýt Patyşalygyna ýola düşdi. Topar bu ýerde  ýaryşdan ozal bir hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Tejribeli tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri üçin bu ýaryş ilkinji halkara synag bolar. Bassyr iki ýyllap ýurdumyzyň çempiony bolan toparyň yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş etmek mümkinçiligi ýokary.

Topar bije çekişligiň netijesinde «B» toparça düşdi. Bu toparçada Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary hem bar. Toparçanyň duşuşyklary 26-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli aralykda geçiriler. Duşuşyklaryň ählisini Kuweýt şäherindäki «Al Kuwait Sports Club» stadiony kabul eder.

AFK-nyň Çagyryş ligasy ― 2024/25.

«B» toparçanyň duşuşyklarynyň tertibi:

26-njy oktýabr

19:30, «Al Arabi» ― «Abdyş-Ata»;

23:30, «Arkadag» ― «Maziýa».

29-njy oktýabr

19:30, «Abdyş-Ata» ― «Arkadag»;

23:30, «Maziýa» ― «Al-Arabi».

1-nji noýabr

19:30, «Al Arabi» ― «Arkadag»;

21:30, «Maziýa» ― «Abdyş-Ata».

Ýeri gelende aýtsak, yklymyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşy bäş toparçada geçirilýär. Olaryň üçüsi Günbatar, ikisi bolsa Gündogar sebite wekilçilik edýär. «Arkadag» topary ýaryşyň çärýek finalyna çykmak üçin öz toparçasynda birinji ýa-da ikinji orny eýelemeli bolar. Toparçalarda üçünji orny eýelän toparlaryň arasyndan iň ýokary görkezijä eýe bolany hem çärýek finala gatnaşdyrylar. Çärýek final duşuşyklaryny 2025-nji ýylyň 5 ― 12-nji marty, ýarymfinallary 9 ― 16-njy apreli aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri we senesi barada biraz soňrak habar berler.

2024-10-18130