
Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk binasynda şanly wakalar mynasybetli alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy hakda
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur!
Wagtyň salymy barmy?! Birigün noýabr. «Hä» diýmänkäň, ýyl ahyrlap barýar. Öňümizde köp garaşylan toý — Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi! Indi oňa kän wagt galmady. Dekabr diýlende-de, oňa geçeniňden baýramçylyk eýýäm aýyň başlarynda. Bu günüň hysyrdysy hemmeler üçinem şanly senä aňrybaş derejede taýýarlyk görüp, uly jogapkärçilikli sowmaga borçly edýär. Ýadyňyzda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň ilkinji aýlarynda — 15-nji fewralda uly toýuň geçjek ýerine gelende, ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn aýdypdy. Bu ýerde tutuljak dabara mynasybetli taýýarlyklar Milli Liderimiziň üns-aladasy bilen şol günlerde bat alypdy.
Buýsanjyň binasy
Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň şu babatdaky işleri birjikde ünsden düşürmän, Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, ýerinde tanyş bolmagy, hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirmegi günüň ähmiýetli wakasy boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen topar jogapkärli işleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegi üçin wajypdyr.
Halkymyz Garaşsyzlyk binasy ýaly, paýtagta uzaklardan görk berip duran Bitaraplyk binasyny hem buýsanjyň belentligine deňeýär. 95 metr belentlik durky-durşuna türkmeniň taryhyndan sözleýär. Ol türkmen ojagyndaky tamdyr ýaly mukaddesdir. Asyl-ha, Milli Liderimiziň onuň aýagynyň üç bolmagynyň «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýen nakyly getirmegi tüýs döwletmentlikden. Üçlükler hakda aýdylanda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmesini gypynçsyz-guwançly goşup aýdyp bolar.
Ýurt ykrary! Özi-de üç gezek, üç gezek!!! Özi-de ýeke-täk, ýek-täk diňe biziň ýurdumyza mynasyp görlen dünýädäki deňsiz dereje! Dünýä döwletleriniň arasynda bibaha baýlyk bu! Ýazgymyza sözbaşy edip çykaran Gahryman Arkadagymyzyň setirleri parahatçylygy söýüji ilimiz üçin döwletlilik senasydyr. Kalp törüniň mukamydyr. Zemin içre ýurdumyzyň ýyly mähiridir. Ýalkawly topragyň mertebesidir. Milli Liderimiz heran-haçan çykyşlarynda bu sözleri uly buýsanç bilen gaýtalaýar. Gör-le, bu sözleriň halatly hakykatdygyny. Gör-le, bu sözleriň äheň-ähmiýetini. Bu sözler Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Bitaraplygymyz barada gadyr-gymmatly garaýşydyr.
Mizemez mertebelilik
Hemişelik Bitaraplygymyz 1995-nji ýyldan soňra, gysga taryh içre 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Şu ýylyň 21-nji martynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu derejäniň üçünji gezek goldaw tapmagy iri guramanyň arasynda ynamyň-ynanyşmagyň netijesinde, ýaşyl Tugumyzyň arş üstüne göterilmesi. Mizemez mertebeliligiň dolup-daşmasy. «Gelse, nowruz äleme reň kylar jahan peýda» diýip, akyldar şahyrymyzyň aýdyşy ýaly, şol gün bu hoş habar işbu dünýäni reýhana besledi. Çünki parahatçylyk bolsa, dünýä oňa ilki guwanýar. Begençden ýaňa Zemin jünbüş eýleýär. Eýse nä, PARAHATÇYLYK — DÜNÝÄNIŇ JANY-TENI ahyry! «Goý, dünýä dursun parahatlyk dursun!» diýýärler. Ilimizde-hä, bu sözleri aýdym edip, apalap ýören maşgalalaryň perzentlerine Dünýä, Dursun, Parahat diýip at goýýanlary-da az däl.
2025-nji ýylda dürli çäreleriň Bitaraplyga, parahatçylyga ýanalmasy döwletimiziň tutuş Ýer ýüzündäki çawyny has-da belende göterdi. Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň tutumly bolmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde gapysynyň giňden açykdygyny, hoşniýetli dost ilidigini ýene bir gezek äleme aýan etdi. Hoşallyklar Awaza syýasy Jarnamasynda hem bellenildi. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde bu möhüm syýasy Jarnama bilen bagly Kararnama kabul edildi. Nýu-Ýorkdan ganat baglap gelen hoş habar göwünlere hoşluk eçilýän wakalarymyzyň höwrüni köpeltdi.
Tutumly-taryhy toý
BMG-niň Awaza maslahatynda Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen ýurda gelmegi biçak bagt bilenleriň hetdi-hasaby bolmady. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň sapar çaglarynda bolsun ýa-da ýurdumyzda bolsun, duşuşyklarda, gepleşiklerde daşary ýurt wekillerini dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna hem-de beýleki çärelere çagyrmagy türkmeniň ojagynyň myhman-mediwanly boljakdygynyň güwäsidir. Muňa Milletler Bileleşigine agza 200-e golaý ýurduň dürli derejeli wekilleriniň bireýýämden bäri uly höwes bilen garaşmagy Milli Liderimiziň «Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistana» diýmesidir.
Gahryman Arkadagymyz taýýarlyk işlerinde juda jogapkärçilikli bolup, şeýle tutumly uly toýa örän ykjam barylmalydygy hakda Awaza maslahatyndan soňra — 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem anyk-aýdyň işleri ölçerip, saldarlap beripdi. Halkara derejede ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň Bitaraplygynyň dünýäde deň-taýy ýokdugyny nygtapdy.
Türkmenistan tarapyndan parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara derejede külli ynsan hakyna nur bolup dolýan ýylynda belent başly Bitaraplyk binasy toýly günlerde üýtgeşik görke gelýär. Watanymyzyň asman asudalygyndan reňk alan deý durky döwrebap, täze keşbe eýe bolýar. Binanyň ýanynda Milli Liderimiziň taslamalar bilen birme-bir tanyş bolmagy, gurşaw-giňişligini öz içine alýan ýol-ulag düzümi, täze döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri, muzeýiň bezeglerine çenli gyzyklanmagy bu ýerde işiň töwerekleýin-toplumlaýyn gidýändigini görkezdi. Degerli maslahatlar — işlere depgin. Zähmete rowaçlygyň gatylyp-garylmasy.
Şanly ýylyň şöhraty
Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk binasyna 24-nji oktýabrda gelmegi şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen gününe gabatlaşmagy özboluşly simwolik many döretdi. Şanly ýyl — şöhratly seneler. Goşa toýlaryň şanyna türkmen tugunyň hem-de BMG-niň baýdagynyň ýylboýy parlamagynyň özi-de aýratyn belent mertebedir. Bitaraplyk binasynda şeýle görnüşleriň diňe bir ýyl däl, Türkmenistanyň uzak-uzak ýyllarboýy ebedi parahatçylygyň ýurdudygyny äleme buşlajak dabaraly pursatlar daşda däl. Ýakyn wagtda Bitaraplyk binasynyň gülzar gujagynda tutuş dünýä halklary bu hakykatyň taryhy pursatlaryna şaýat bolarlar. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen Bitaraplygy — bu parahatçylygyň ýoludyr, biziň planetamyzyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr» diýen dabaraly, buýsançly sözleri alys-u-ýakyn illeriň agzybirliginde, ruhy birliginde kalplarda parahatçylygyň soňlanmajak mukamy bolup ýaňlanar.
Guwanç MÄMIÝEW,
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.







