
Tejribe alyşmak esasynda
Ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Urologiýa klinikasynyň çaga urolog lukmany Stredele Regina Johanna Franziska Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iş saparynda boldy.
Saparynyň dowamynda germaniýaly lukman Stredele Regina Johanna Franziska saglygy goraýyş merkezi bilen tanyşdy. Myhman çaga urologiýa keselleri boýunça öz tejribelerini paýlaşyp, kärdeşlerine degerli maslahatlaryny berdi.
Ol türkmen lukmanlary bilen bilelikde çylşyrymly operasiýalaryň ýerine ýetirilmegine hem gatnaşdy. Amala aşyrylan operasiýalaryň hataryna uretroplastika, uretranyň yzky diwaryny täze dokuma arkaly dikeltmek, çep tarapda reflýuksa garşy Greguaryň operasiýasy, sag böwregiň daşyny distansion usulda litotripsiýa, meatoplastika ýaly çylşyrymly operasiýalar degişlidir.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň mejlisler zalynda Germaniýadan gelen myhmanyň gatnaşmagynda «Çagalarda peşew ýollarynyň kesellerinde häzirki zaman bejerginiň usullary» atly halkara amaly maslahaty geçirildi. Onda birnäçe möhüm ugurlar, usullar ara alnyp maslahatlaşyldy.







