
Türkmen arçasy
Gahryman Arkadagymyz 21-nji oktýabrda Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanşanda hem-de 24-nji oktýabrda paýtagtymyzyň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine gelende köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsüminde türkmen arçalarynyň nahallarynyň ekilmegini makullady.
Bellenilişi ýaly, türkmen arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatda zähmet çekýän telekeçi bagbanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde ýer böleklerini alyp, ylmy işleri alyp barmak bilen, türkmen arçasynyň dürli görnüşlerini döredendiklerini, bu baglaryň welaýatyň etraplarynda ekilýändigini uly buýsanç bilen belleýärler. Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny oňlap, bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen arçasynyň tebigy ýaýrawy we gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, ulanylyş aýratynlyklary barada alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň I jildinde giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Bu ösümlik Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir (1999, 2011) hem-de Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Türkmen arçasy bezeg ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.
Türkmen arçasy serwiler maşgalasynyň, ýaşaýyş şekili boýunça agaç görnüşidir. Bu ösümlik seýrek görnüşleriň hataryna girýär. Dermanlyk çig maly hökmünde onuň miwesi, püri ulanylýar. Dermanlyk çig malynyň saklanyş möhleti 3 — 5 ýyl hasaplanylýar. Onuň himiki düzüminde efir ýaglary, şeker, polisaharidler, kumarinler, glikozid, sakyz we boýag maddalary bolup, olar antibakterial, ýarany çalt bitiriji häsiýeti bilen ekzemada haýyrlanylýar. Onuň tebigy ýaýrawy Merkezi Köpetdag, Günorta-Günbatar Köpetdag, Uly we Kiçi Balkan daglary bolup, endemik görnüşdir.
Türkmen arçasy hem, beýleki pürli bezeg baglary ýaly, fitonsidleri iki esse köp bölüp çykarýandygy bilen tapawutlanýar. Fitonsid bu howadaky zyýanly mikroblary ýok etmäge ukyply bolan uçujy organiki birleşmelerdir. Şol sebäpli edebiýatlarda pürli bezeg baglaryna «howanyň sanitarlary» hem diýilýär. Türkmen arçasy beýleki bezeg ösümlikleri bilen utgaşdyrylyp, ösdürilip ýetişdirilende, sesiň derejesini peseltmekde, howany arassalamakda, ýylyň dowamynda hemişe ýaşyl öwsüp oturmak bilen, tebigatyň görküni baýlaşdyrmakda ähmiýetlidir.
Türkmen arçasy gadymy we uzak ýaşaýan agaçlaryň biridir. Ylmy maglumatlarda bu ösümligiň ömrüniň örän uzakdygy, birnäçe asyra barabardygy bellenilýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagynda pürli baglaryň kolleksiýa toplumynda türkmen arçasy 1930-njy ýyldan bäri ösdürilýär. Ony açyk güneşli ýerlerde toparlaýyn, ýekeleýin ulanmak netijeli hasaplanylýar. Medeni suwarymly şertlerde ösdürilip ýetişdirilýän türkmen arçasy örän ýokary bezeg hili — konus şekilli gabarasynyň (kronasynyň) syrdamlygy, ýylyň islendik döwründe gögümtil-ýaşyl gür pürleri bilen tapawutlanýar.







