TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hümmetli gymmatlyk

Hümmetli gymmatlyk

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli manadymyza 32 ýyl dolýar. Munuň özi ýurdumyzyň täze taryhynda geçilen belent sepgitleri, gazanylan beýik ösüşleri dabaralandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň döwletimiziň, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň özboluşly nyşany hökmünde milli buýsanjymyza öwrülendigini aýratyn bellemek gerek.

Milli manadymyzyň 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilmeginden soňra, ata Watanymyz ykdysadyýeti ösdürmegiň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady. Munuň özi milli pulumyzyň diňe bir ykdysady üstünlikleriň däl, eýsem, kuwwatly özygtyýarly ösüşimiziň, Garaşsyzlygymyzyň nyşanyna öwrülendigini görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2009-njy ýylda ýurdumyzda milli pul birliginiň denominasiýasynyň geçirilmegi döwletimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň çäklerinde bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Häzirki wagtda Köpetdagyň eteginde bina edilen, döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat etjek we durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýan Arkadag şäheriniň binalarydyr desgalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Merkezi banky, Arkadag şäheriniň «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklary täze şäheriň bank ulgamyny emele getirýär. Bu bolsa, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň okgunly durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Ykdysady ösüşiň gazananlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeler esasynda adam hakynda edilýän aladanyň subutnamasydyr.

2025-10-2916