
«Akylly» şäheriň ikinji tapgyry: gyzgalaňly zähmet
Toýlary toýa ulaşýan ata Watanymyzda Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda ähli ildeşlerimiz öz hünär baýramlaryna zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işler göreniň ünsüni çekýär. Şeýle gurluşyk işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan ýeriniň biri hem Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrydyr. Biz hem «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna öz goşantlaryny goşýan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.
Annaberdi HOJAÝEW,
«Ýakynkent» hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary:
— Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Telekeçilere yzygiderli kömekdir goldawlar berilýär. Biz gurluşykçylar şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarys. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda jemi 6 sany kottej jaýlarynyň gurluşygyny alyp barýarys. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlary häzirki zamanyň binagärlik ölçeglerine doly laýyk gelýär. Gurulýan ähli binalar ösen islegleri hemmetaraplaýyn kanagatlandyrýar. Şu günler biziň gurýan kottejlerimiziň daşky bezeg, haýat hem-de içki reňk bermek işleri dowam edýär. Bütin halkymyzy, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bilen gutlaýaryn.

Şanazar ATAŞOW,
«Garagum» hojalyk jemgyýetiniň inženeri:
— Adam saglygynyň bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaýar. Şoňa görä-de, dünýäde adam saglygyny goramakda iň kämil lukmançylyk enjamlary öndürilýär. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Bu kärhananyň gurluşygy «Garagum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda kärhananyň gurluşygynyň demir, beton işleri dowam edýär. Asuda ýurdumyzda toýlarymyzy zähmet ýeňişleri bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýän «akylly» şäheriň gurluşygyna öz goşandyňy goşmak uly bagtdyr. Şeýle bagtyň meniň hem nesibämden çykandygyna juda begenýärin.

Saparmyrat BAÝRAMOW,
«Altyn» hojalyk jemgyýetiniň galypçysy:
— Häzirki wagtda türkmen gurluşykçylary öz alyp barýan işlerini barha kämilleşdirýärler. Biz muny Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işlerde hem aýdyň görýäris. Şeýle iri gurluşyklary öz içine alýan Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň gurluşygynda bize-de öz goşandymyzy goşmak bagty nesip etdi. Aslynda-da, ata-babalarymyz ýol çekmegi, köpri, metjit gurmagy sogap iş hasaplapdyrlar. Ýurdumyzyň haýyr-yhsan işleriniň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen goňşy Azerbaýjan döwletiniň Fizuli şäherinde düýbi tutulan metjidi agzamak bolar. Arkadag şäheriniň baş metjidiniň häzirki wagtda daşky we içki bezeg, esasy girelgesiniň işleri batly depginde alnyp barylýar. Biz gurluşykçylara öz gymmatly maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berýän Milli Lidermiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il bähbidine gönükdirilen işleri rowaç bolsun.







