TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Raýat goranyşy: çagalaryň bagtyýarlygyna

Raýat goranyşy: çagalaryň bagtyýarlygyna

Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň biri-de ilatymyzy we halk hojalyk ähmiýetli desgalary adatdan daşary ýagdaýlardan goramak bolup durýar. Bu babatda Arkadag şäheriniň Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagyny we ýok edilmegini üpjün etmekde raýatlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak, maglumat elýeterliligini gazanmak maksady bilen raýatlaryň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerlerinde, okuw usulyýet merkezlerinde geçirilýän tapgyrlaýyn okuwlar, türgenleşikler, wagyz-nesihat işleri oňyn netijesini berýär. Ilatyň arasynda geçirilýän bu işlerde Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň raýat goranyşy bölümleri tarapyndan ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri, ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli işler körpe nesilleriň arasynda hem meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işjeň hereket edip, bu kanun çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanunynyň bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmünde hukuk derejesini takyklaýar. Onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, taryhy we milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni-durmuş gymmatlyklary, jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri, kadalary jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilýär. Çagalar ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr. Olar ýurdumyzyň geljegini bina etmeli nusgalyk şahsyýet bolup ýetişmeli nesillerdir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda çagalara we dürli ýaşdaky adamlara edilýän keselleriň öňüni alyş sanjymlary raýatlar baradaky ählitaraplaýyn aladanyň bir bölegi bolup durýar.

Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlygy ugrunda kabul edilýän kanunçylyk hukuk resminamalary esasynda Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň raýat goranyşy bölümleri tarapyndan çagalaryň arasynda tebigy häsiýetli ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada düşündiriş işleri alnyp barylýar. Çäreleriň bäsleşikler esasynda geçirilmegi bolsa, watançy «ýaş halasgärleriň» sanynyň artmagyna getirýär.

2025-10-2912