TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Halkara ähmiýetli ýadygärlikler

Halkara ähmiýetli ýadygärlikler

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan köp sanly gymmatlyklarymyzyň hatarynda gadymy Parfiýa eýýamyndan miras galan, öz zamanynda parfiýalylaryň iri we görnükli şäherleri bolan, Köne we Täze Nusaý galalary hem aýratyn bellärlikli taryhy ýadygärliklerdir.

Bu ýadygärlikler gadymy Müsüriň, Mesepotamiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň çäginde dörän gadymy şäherleriň galyndylary bilen deň derejede öwrenilýän halkara ähmiýetli ýadygärliklerdir. Köne Nusaý galasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilen Italiýanyň Turin şäheriniň Turin uniwersitetiniň alymlary tarapyndan Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden türkmen-italýan arheologik topary tarapyndan eýýäm 35 ýyla golaý wagt bäri gazuw-barlag işleri alnyp barylýar.

Parfiýa döwleti (miladydan öňki 247-nji ýyldan miladynyň 226-njy ýylyna çenli) antik zamanynda dörän uly döwletleriň biridir. Döwletiň ilkinji şäheri häzirki Köne Nusaý galasy bolup, döwletiň çägi günbatara tarap giňemegi bilen onuň paýtagty hem täze birikdirilen ülkelere tarap göçürilipdir. Emma Köne Nusaý döwletiň garaşsyzlygynyň ilkinji yglan edilen we Ärsagyň şa tagtyna çykan ýeri hökmünde ol döwletiň ruhy merkezine, nesilşalygyň goraghanasyna we şa gymmatlyklarynyň saklanýan ýerine öwrülipdir. Döwlet gysga wagtyň içinde orta gündogaryň köp ýerlerini öz düzümine birikdirip, imperiýa derejesine ýetipdir.

Köne Nusaý galasynyň umumy meýdany 15 gektar bolup, ol 8 — 10 metr belentlikdäki baýryň üstünde esaslandyrylypdyr, galanyň gurluşygynda zamanasyna mahsus bolan, toýundan taýýarlanylan pagsalar peýdalanylypdyr.

Köne Nusaýda geçirilen arheologiýa barlaglarynda parfiýalylaryň ösen binagärlik sungatyndan habar berýän iki sany binagärlik toplumynyň (günorta we demirgazyk böleginde) üsti açyldy. Galanyň günorta tarapynda ýüze çykarylan binagärlik toplumy miladydan öňki II-I asyrlarda köşk-ybadathana toplumyny emele getiripdir. Köşgüň merkezi böleginde kerpiçler arkaly örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilen hem-de ýüzleri alibaster bilen suwalyp bezelen ýarym sütünler, şeýle-de parfiýa patyşalarynyň kabulhanasy ýerleşipdir.

Täze Nusaýda we onuň töwereklerinde ýaşaýyş Köne Nusaýa garanyňda ep-esli öň kemala gelip, miladynyň XIX asyryna çenli üznüksiz dowam edendigi sebäpli, halk arasynda onuň ady «Täze Nusaý» diýlip atlandyrylypdyr. Bu barada orta asyrlarda ýaşap geçen belli taryhçy Al-Makdisiniň ýazgysynda Täze Nusaýyň giň we owadan howlulary bolan, bol suwly, Gün görünmeýän baglyk ýerdigi, şäheriň 70-e golaý köçesiniň we 10 sany derwezesiniň bardygy beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly Nusaý welaýatynyň düzümine girýän birnäçe obadyr şäherleriň üstünden geçip, şolaryň biri Täze Nusaýdan 10 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligidir.

Täze Nusaý şäherinde X-XI asyrlarda ilatyň san taýdan artmagy bilen şäheriň çägi ep-esli derejede giňelipdir. Galanyň töweregindäki ähli ýerlerde ownukly-irili mülkdarlaryň, kärendeçileriň we senetçileriň şäherçeleri döräpdir. Bu döwürde onuň ähli künjeginde ýaşaýyş jaýlary örän gür ýerleşipdir. Senetçilik we hünärmentçilik diýseň ýokary göterilipdir.

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Rim şäherindäki Kapitoli muzeýiniň «Palazzo dei Conservatori» binasynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly özboluşly sergisiniň öz işine başlamagy hem-de onda giň jemgyýetçilige Margiana we Parfiýa medeniýetleriniň taryhyny açyp görkezýän arheologik gymmatlyklaryň görkezilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

2025-10-2912