
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara, milli buýsanç bilen giňden bellenilip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size türkmen halkynyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda milli senenamamyzda uly orun tutýan Türkmen alabaýynyň baýramy bütin halkymyz tarapyndan ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda we dabaraly bellenilýär. Bu nurana baýramyň şanyna Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleriniň, paýtagtymyzda «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly V halkara ylmy maslahatyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisiniň geçirilmegi, ýurdumyzyň iň gowy itşynaslaryna «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň dakylmagy halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlara döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň başlangyjyňyz boýunça ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Itleriň biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofonduny aýap saklamak, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň usulyýet üpjünçiligi üçin ähli şertler döredilýär. Bu günki gün türkmen paýtagtynyň şaýollarynyň birini bezäp oturan alabaýyň uly heýkeli türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde aýratyn orun eýeleýän bu ajaýyp itleriň gaýduwsyzlygyna, wepalylygyna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň belleýşiňiz ýaly, türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes ojaklaryň ýaraşygydyr, goragçysydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly buýsanjymyza öwrülen milli gymmatlyklary döreden halkymyz olarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly olaryň tohum aýratynlygyny şu güne çenli üýtgewsiz görnüşde ýetirmegi başarypdyr.
Türkmen alabaýynyň döreýşi halkymyzyň gelip çykyşy, taryhy kökleri bilen baglanyşyklydyr. Türkmen alabaýynyň itleriň iň gadymy tohumlarynyň biridigini taryhy maglumatlar we arheologik tapyndylar doly tassyklaýar. Altyndepe, Goňurdepe we Paryzdepe taryhy ýadygärliklerinde ýüze çykarylan alabaýyň şekilleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Şähryslam ýadygärliginde tapylan itiň aýak yzlary alabaýlaryň taryhynyň örän uzaklardan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda täze taryhy döwrümizde türkmen alabaýlary baradaky döwlet derejesindäki alada biziň umumy taryhymyzy, milli gazananlarymyzy dikeltmek, baýlaşdyrmak, dünýä ýaýmak işiniň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri düzümler, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik taraplar, dünýäniň dürli döwletleriniň hususy itşynaslary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Sizi beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, wepalylygyň, batyrlygyň nusgasy bolan alabaýlarymyzy gorap saklamakda hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýmakda alyp barýan beýik işleriňiz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriňiz elmydama rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.







