
Eýesine wepaly türkmen alabaýy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy uly dabaralara beslenip, milli buýsanç bilen giňden bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Itleriň biziň günlerimize gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofonduny aýap saklamak, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem onuň usulyýet üpjünçiligi üçin ähli şertler döredilýär. Bu günki gün türkmen paýtagtynyň şaýollarynyň birini bezäp oturan alabaýyň uly heýkeli türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde aýratyn orun eýeleýän ajaýyp itleriň gaýduwsyzlygyna, wepalylygyna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň çäginde 26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow ösdürip ýetişdirdi hem-de bu bäsleşige taýýarlady. Ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary hem-de ýörite medal, göçme kubok, diplom gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Permanyna laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Gutly Goşaýewe «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy bizi buýsandyrýar.







