
Arkadag şäheri — beýik işleriň şäheri
«Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisidir. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barylýar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu şäherdäki işleri geljekde hem dowam etdireris».
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşyndan.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz we onuň röwşen geljegi ugrundaky egsilmez aladasy ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda binagärlik-gurluşyk pudagynda aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky zehini we öňe sürýän taglymaty eziz Diýarymyzyň her bir şäheriniň, obasynyň, ilatly ýaşaýyş nokatlarynyň düýpli täzelenmegine, döwrebap we milli ruhdaky binalaryň gurlup, özboluşly binagärlik keşbiniň emele gelmegine ýol açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik taglymatynyň aýdyň beýany bolan sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri diňe bir döwrebap binalar toplumy bolman, eýsem, türkmen milli binagärliginiň dünýä ülňüleri bilen utgaşdyrylmagynyň nusgasydyr. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna bina edilen «akylly» şäher Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren binagärlik başlangyjydyr. Arkadag şäheri binagärlik-gurluşyk taglymatynyň täze, has kämil derejesidir. Onda döwrebap sanly tehnologiýalar, ekologik taýdan arassa ulaglar, energiýany tygşytlaýjy ulgamlar ulanylýar. Şäher diňe bir gurluşyk taslamasy bolman, eýsem, geljekki nesiller üçin döredilen arassa ýaşaýyş nusgasydyr.
Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde alnyp barylýan işler bu bellenenleriň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy, bu ýerde arassaçylygyň, ähli binalaryň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy, ekologik talaplarynyň doly berjaý edilmegi ugrunda yzygiderli gyzyklanýar.
Häzirki wagtda täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işler ýola goýuldy. Muňa biz ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşlygynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynda türkmen arçasyny ekmek teklip edildi. Gahryman Arkadagymyz teklibi makullap, bu babatda özüniň gymmatly nesihatlaryny berdi.
Şähergurluşyk özgertmeleri döwletimiziň durmuş-ykdysady maksatnamasynyň aýdyň subutnamasy bolup, taryh üçin örän gysga wagtda bina edilen «akylly» şäheriň binagärlik ösüşi, onuň ajaýyp keşbi göreni haýran edýär.
Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde özüni tanadan, şeýle hem halkara güwanamalarynyň onlarçasyna mynasyp bolan ak mermerli Arkadag şäheri ata Watanymyzyň yzygiderli artýan kuwwatynyň, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, halkyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam edýän «akylly» şäher gün-günden özgerýän ajaýyp keşbi bilen görende buýsanç duýgusyny döredýär. Türkmen topragynda halkymyzyň aladasynda berk duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda täze taryh ýazylýar. Öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň, iň täze sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolan Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nyşanydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk şäheriň gurulmagy türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny, ylmy-tehniki ösüşini ýene bir gezek dünýä äşgär etdi. Elbetde, şeýle ajaýyp şäheriň döremeginde halkymyzyň abadançylygy, asudalygy, eşretli durmuşy üçin egsilmez yhlasyny, jöwher zehinini gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bolmagy örän buýsandyryjydyr.







