TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Ýaşyl» şäherler

«Ýaşyl» şäherler

Arkadag

ÝHHG-niň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamasynyň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň «539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy» atly şahadatnamasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň «akylly» şäheriň ekologik taýdan arassalygy üçin Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy «akylly» şäherde alnyp barylýan ekologiýa abadançylygy boýunça işleriň ýokary derejede guralýandygyny görkezýär. Arkadag şäheriniň ýurdumyzdaky ekologik taýdan arassa şäher hökmünde dünýäde giň meşhurlyga eýe bolmagy diýseň buýsandyrýar.

«Masdar siti»

«Masdar siti» taslamasy — bu adam güýjüniň, biliminiň we mümkinçilikleriniň dogry ulanylyşynyň netijesi bolmak bilen, dünýäniň ilkinji ekologik taýdan arassa şäher taslamasydyr. «Masdar siti» diýip atlandyrylýan bu taslama Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýär. Şäher «Foster and Partners» atly iňlis binagärlik kärhanasy tarapyndan çyzgy edilýär. Taslama 2006-njy ýylda badalga berlip, onuň gurluşygy häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda. Şäher 50 müň raýat we 40 müň iş orny üçin niýetlenendir. 2012-nji ýylda Masdar şäheri energiýa tygşytlylygy üçin Energiýa tygşytlylyk bileleşigi tarapyndan «Öňdengörüji» baýragyna eýe boldy.

2023-nji ýylda eko-şäheriň gurluşygynyň II tapgyryna girişildi.

Sýurih

Sýurih Şweýsariýanyň resmi däl paýtagty hasaplanýar. Şäher Sýurih kölüne guýýan Limmat derýasynyň boýunda ýerleşýär. Köl şäheri gurşap alýanlygy üçin köp adam ony kümüş aýnanyň üstünde ýatan altyn hazyna meňzedýär. Şweýsariýa ekologiýa taýdan arassa ýurt hasaplanýar. Şweýsariýanyň ekotehnologiýalary bütin dünýäde bellidir. Ýurt «ýaşyl» patentleriň adam başyna düşýän sany boýunça 1-nji ýerde durýar. Şol sanda energiýa kuwwatyny tygşytlaýjy tehnologiýalary işe girizmekde, senagat galyndylaryny ýok etmekde we çig mallary gaýtadan işlemekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Oslo

Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäheri dünýäniň ekologik taýdan iň arassa şäherleriniň biri we binagärlik sungaty boýunça iň öňdebaryjy hasaplanýar. Ýewropanyň «ýaşyl paýtagty» diýen ady gazanmagy Oslonyň taryhynda belli wakalaryň biri boldy. Oslo şäherinde daşky gurşawy goramak syýasaty 1998-nji ýyldan gözbaş alýar. Şol ýyldan başlap, şäherde ekologiýa maksatnamasy alnyp barylýar. Häzirki wagtda şäherde satylýan awtoulaglaryň 30%-i elektroulaglardyr. Mugt awtogoýalgalar, mugt elektroberiş beketleri, şeýle hem elektroulaglaryň eýeleriniň köpçülikleýin ulag serişdelerinden mugt peýdalanmagy munuň aýdyň beýanydyr.

2025-05-288