TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan»

«Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan»

Şeýle at bilen ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda «akylly» şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergi guraldy. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Gadymy şäheriň şanyna bagyşlanyp guralan sergi baý mana eýe boldy. Muzeý gaznasyndan guralan sergide hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, şekillendiriş sungatynyň eserleri, taryhy tapyndylar: binalaryň bölekleri, keramika önümleri, zähmet gurallary we milli mirasymyza degişli beýleki gymmatlyklar uly gyzyklanma döretdi.

2024-08-29104