TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Mekdep bazaryndan mekdebe

Mekdep bazaryndan mekdebe

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde mekdep bazarlarynyň gyzgalaňly wagty. Bu söwda nokatlary öz alyjylarynyň isleglerini doly kanagatlandyrýar we geljegimiz bolan ýaş nesle, mekdep okuwçylaryna gerek bolan, ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini elýeter bahadan ilata hödürleýärler.

Şeýle mekdep bazarlary sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem 1-nji awgustdan bäri halka hyzmat edip gelýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mekdep bazarlarynda okuwçylara niýetlenip ýörite tikilen egin-eşiklerden başlap, ähli okuw dersleri üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşlerini bu ýerden tapmak mümkin. Özem ýurdumyzda öndürilen harytlar.

Buýsançdan ýaňa çagajyklaryň okuwa barmaly günlerini sanap oturmaklary, eýsem, ýöne ýere däl. Olaryň buýsançlary seni-de buýsandyrýar. Nesip bolsa, sanlyja günden täze şäheriň döwrebap mekdeplerini tämiz lybaslary ýaly tämiz kalply çagalaryň şadyýan sesleri doldurar.

2024-08-21443