TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty – 2026-n...

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty – 2026-nyň ikinji saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň seneleri

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty — 2026-nyň ikinji saýlama tapgyrynda çykyş eder. Biz 27-nji iýulda çekilen bijeleriň ildeşlerimiziň «Е» toparçada Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlarynyň garşysyna çykjakdyklaryny mälim edendigini habar beripdik. Bu gün bolsa türkmen ýygyndysynyň şol duşuşyklaryny geçirjek senelerini okyjylarymyz bilen paýlaşmak isleýäris.
Ýygyndy toparymyz bu tapgyrdaky çykyşyna Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna çykmak bilen başlar. 16-njy noýabrda guraljak duşuşyk Türkmenistanda geçer.
Tapgyryň dowamynda 6 duşuşyk geçirjek ýygyndy toparymyzyň oýunlarynyň ikisi şu ýylyň noýabrynda, galan dördüsi bolsa geljek ýylyň mart hem-de iýun aýlarynda ýaýbaňlandyrylar.
Ikinji saýlama tapgyrynyň netijesinde toparçalarynyň ýeňijileri bolmagy başaran ýygyndylar hem-de ikinji orny eýelänleriň arasynda görkezijiler boýunça has-da tapawutlananlar üçünji saýlama tapgyrynda göreşmäge hukuk gazanarlar. Şol toparlar Aziýanyň Kubogy — 2027-ä gatnaşmaga hukuk berýän ýollanma hem eýe bolarlar.
Dünýä çempionaty — 2026. Saýlama tapgyr
Ikinji raund. «Е» toparça
1-nji tapgyr
16-njy noýabr, 2023ý
Türkmenistan — Özbegistan
2-nji tapgyr
21-nji noýabr, 2023ý
Gonkong / Butan — Türkmenistan
3-nji tapgyr
21-nji mart, 2024ý
Eýran — Türkmenistan
4-nji tapgyr
26-njy mart, 2024ý
Türkmenistan — Eýran
5-nji tapgyr
6-njy iýun, 2024ý
Özbegistan — Türkmenistan
6-njy tapgyr
11-nji iýun, 2024ý
Türkmenistan — Gonkong/ Butan.
Bu hakynda salamnews ýazýar.

2023-07-28246