TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Bilelikde Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny aýtdy. “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesi munuň esasy şerti bolup durýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi.

Söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan döwletara dialogynyň däp bolan möhüm ugry bolup durýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň we dininiň umumylygyna esaslanyp, häzirki wagtda has-da giňeldilýär.

Gahryman Arkadagymyz iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iki halkyň Magtymguly, Seýdi, Nyzamy, Fizuly ýaly taryhda uly yz goýan beýik şahsyýetleriniň edebi mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa mähirli garşylady. Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjanyň milli parlamentiniň agzalary bilen, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygyny türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Liderini Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda parlamentler derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, iki ýurduň halklaryny diliň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Sahiba Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirýändigini belledi we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba Gafarowanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda Aşgabatda geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan parlament diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Şunda parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk döwletlerdigini, halklarymyzy diňe bir geografiýanyň däl, eýsem, umumy taryhyň, diliň, medeniýetleriň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň hem baglanyşdyrýandygyny, bu beýik mirasy peýdalanmagyň parlament wekilleriniň gönüden-göni wezipesi bolup durýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we azerbaýjan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Soňra Milli Liderimiz “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.

Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Hormatly Arkadagymyz myhmansöýerligi we hoşniýetli sözleri üçin Allahşukur Paşazadä minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň Azerbaýjana saparynyň möhüm we ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, aýratyn mana eýedigini belledi.

“Biz diňe bir dil babatda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem birek-birege örän gowy düşünýäris. Iki halkyň bir bitewi kökleri bar. Biz umumy köklere, ýakyn garyndaşlyga esaslanýarys. Bir umumy gymmatlyklara eýerýäris. Biz örän baý taryhy tejribäni häzirki döwre çenli aýawly saklap geldik. Häzir biziň ýurtlarymyz, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň, uzak möhletli bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna anyk düşünmäge, hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna esaslanýarlar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady. Yslam dini beýik we ebedi gymmatlyklary bilen biziň gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler. Häzirki döwürde bu düşünjeler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak köklerini, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurtlarymyzda bu wezipäni ýerine ýetirmekde din işgärleriniň tutýan ornunyň uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Din işgärleriniň at-abraýy, baý tejribesi ýurtlarymyzda üstünlikli döwlet gurluşynyň, parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň, durmuş, milletara agzybirliginiň örän möhüm şertine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki şertlerde dinara dialogyň aýratyn ähmiýete eýedigini we derwaýysdygyny belläp, şeýle dialogyň hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň köprüleriniň biri bolup biljekdigine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak esasyndaky dialogy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga, ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr. Hormatly Arkadagymyz bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.

Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň din wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň we ýardamyň beriljekdigini, olaryň arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky dialogyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi. Ol tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Töwirde Beýik Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda ýaşamaklary dileg edildi.

Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.

2025-07-1727