
Arkadag şäheri: çagalaryň bagtyýarlygy üçin
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» ýaly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleri öndürilýär. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda uly ähmiýete eýedir.
16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde diňe bir durmuş ugurly desgalaryň däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalarynyň hem gurluşygy dowam edýär. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Arkadag şäheriniň ähli desgalarynda bolşy ýaly, täze lukmançylyk klasterinde-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi. Munuň özi işleri kadaly ýola goýmaga, şol bir wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berer.
Soňra O.Atabaýewa bu ýerde kärhana tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýän täze önümler barada maglumat berildi. Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy esaslandyryldy. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy. Kärhananyň öndürýän dürli görnüşli çaga iýmitleri ýokary hili we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Lukmançylyk klasteriniň önümleri halkara derejede hasaba alnyp, önümçiligiň haryt nyşany bolsa Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy bilen tassyklanandyr. Şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu önümleriň çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde möhüm goşandynyň bardygyny belledi.
Halkara sergi-ýarmarka
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şu ýylyň 21 — 23-nji awgustynda paýtagtymyzda geçiriljek «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag lukmançylyk klasteriniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi. Serginiň dowamynda lukmançylyk klasteriniň sergi diwarlygynyň, gaznanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekilleriň görkezilmegi, bilim-terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyryljak diwarlygyň hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini hem-de bu işleriň oňyn netijesini berýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň çagalarda gyzyklanma döretmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň, hususan-da, körpe nesliň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesilleriň erkana ýaşamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, serginiň dowamynda ýaýbaňlandyryljak «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar toparynyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň körpe nesilleriniň joşgunynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ol «Enäniň saglygy — çaganyň saglygy» atly milli şygaryň iş ýüzünde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny we onuň durmuşa geçirilmeginiň eneleriň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini nygtady.