TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gyzykly gezelenç

Gyzykly gezelenç

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň 150 orunlyk inklýuziw toparly çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler Köpetdagyň etegindäki Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenç etdiler.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň çäklerinde guralan bu gezelenje merkeziň lukmanlary, terbiýeçileridir körpeleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan körpe nesil hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň ýagty geljegi üçin bimöçber uly işler durmuşa geçirilýär. Bu guralan gezelenç hem çagalaryň tebigaty aýawly saklamak baradaky düşünjeleriniň baýlaşmagy hem-de olarda tebigatdaky jandarlar hakda gyzyklanma döretmek, olar barada maglumatlary bilmekleri maksady bilen guraldy. Pursatlar çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Janly tebigatyň milli muzeýiniň dag tebigatynyň ajaýyp künjeginde ýerleşmegi, arassa howa gurşawynyň bolmagy ýaş nesillere has-da ruhubelentlik bagyşlady.

2025-08-209