TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaşulular geňeş etse...

Ýaşulular geňeş etse...

19-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.

Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen öňe barýandygyny, dünýä derejesinde abraýynyň barha belende göterilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny nygtadylar. Bu gazanylanlary wagyz-nesihat etmekde uly durmuş tejribesi bolan ýaşulular halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda degişli işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işiniň wajypdygy bellenildi. Bu babatda döredilen mümkinçilikler we özlerine bildirilýän uly ynam üçin ýaşulular Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýaşululara hormat goýmak pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm kararlar işlenip düzülýär hem-de kabul edilýär. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýäde wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleriniň milli ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolup, howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýýardyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap alýandyklary bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek hem nobatdaky maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we ýaşululardan teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşululary agzalyga hödürlemek boýunça degişli işleriň geçirilendigi, olaryň ýokary şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada aýtdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew, Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýew hödürlenildi we maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlanyldy. Olar öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýurdumyzda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, munuň bolsa halkymyzy çäksiz buýsandyrýandygyny nygtadylar. Şulary giňden wagyz etmekde we halk arasynda düşündiriş işlerini alyp barmakda öňde durýan wezipeleri abraý bilen berjaý etmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.


 

2025-08-205