
«Haýyr — bereket, nur — rehmet»
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan ATABAÝEWANYŇ BMG-niň Awaza forumynda sözlän sözünden:
— Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde wajyp orun eýeläp, maşgalany, umuman, jemgyýeti pugtalandyrmaga ýardam berýär.
* * *
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän işinde çagalara we olaryň beden, ruhy taýdan saglygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Gazna hemaýata mätäç çagalara tölegsiz lukmançylyk kömegini bermek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de ýurdumyzyň beýleki degişli edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen çagalara kömek bermäge aýratyn üns berilýär. Şu ýyl gaznanyň esaslandyrylmagynyň dört ýyllygy bellenildi. Şol döwrüň içinde ol köp sanly haýyr-sahawat çärelerini, şol sanda 500-den gowrak neýrohirurgik, ortopedik, kardiohirurgik operasiýalary maliýeleşdirdi.
* * *
Gaznanyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi ýerleşýär. Bu ýerde dürli ýaşdaky çagalara gündelik tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Gazna çagalaryň ýaşaýyş-durmuşyny, olara ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak hem-de jemgyýete uýgunlaşdyrmak boýunça birnäçe giň möçberli taslamalary, maksatnamalary amala aşyrdy. Bu düzüm tarapyndan alnyp barylýan işlerde lukmançylygyň iň döwrebap usullaryny peýdalanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary, çaga lukmançylygy ulgamyndaky dünýä tejribesini ornaşdyrmaga çalşylýar.
* * *
Biz öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlyga açykdyrys. Sagdyn nesli kemala getirmek üçin zenanlara, olaryň beden we ruhy saglygyna aýratyn üns bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri döretmek zerurdyr. Eneligi, çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny berkarar etmek, zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.