TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Milli Liderimiziň döwletli mejlisi

Milli Liderimiziň döwletli mejlisi

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak däbiniň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridigini, häzirki taryhy döwürde bu däpleriň ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini belledi.

Şu günki mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly, şeýle hem beýleki dürli soraglardan ybarat bolup durýandygyny belledi. Şu ýylyň sentýabr aýynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmekde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamak, onuň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamak möhümdir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly hasabat berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Kararlara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi çagyrylýar, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenilýär. Şeýle hem maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanylýar.

Şanly senede wekilçilikli forum

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly möhüm halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipeler we ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň we wekilçilikli forumyň taryhy ähmiýetini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny we oňa gabatlanylan halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek möhüm wezipe bolup durýar. Bu dabaralary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda guramak zerurdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk çäreleri mynasybetli paýtagtymyzy toý lybasyna beslemek, bezeg işlerini talabalaýyk geçirmek hem-de toý dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmek babatda birnäçe gymmatly maslahatlary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

2025-08-2010