
Körpeleriň islegli iýmiti
Çagalaryň sagdynlygy gowy iýmite-de bagly. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän dürli görnüşli çaga şüleleri çagalaryň söýgüli iýmitleriniň birine öwrüldi. Bu önümleriň ýurdumyzyň çägindäki söwda nokatlarynda geçginli haryda öwrülmegi hem onuň şeýledigini aňladýar. Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Maral Muhammedowa bu barada şeýle gürrüň berýär.
— «Gökdere» söwda merkezine çaga iýmitini almaga geldik. Çaganyň terbiýesiniň wajyp bolşy ýaly, onuň irki ösüşinde sagdyn iýmitlenmek hem möhüm bolup durýar. Şonuň üçin çaganyň sagdyn iýmitlenmegi, onuň ösüşi üçin zerur elementlere, witaminlere baý önümleri kabul etmegi her bir ene-atanyň esasy aladalaryndan biri. Biz hem öz çagamyzyň sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin ýokumly şüleleri, hemenekleri yzygiderli ulanýarys. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň şüleleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bahalary amatly, görnüşi özüne çekiji önümler çagalary sagdyn iýmitlendirmegiň möhüm bölegine öwrüldi. Ähli tanyş-bilişlerime hem bu önümlerden almagy maslahat berýärin. Çagama şu önümleri berip başlanymyz bäri, onuň ösüşine gowy täsir edendigini görüp başladyk. Süýt garyndyly goşmaça iýmitleriň tüwüli, tüwi-bananly, hemenek ýarmaly, ary bally görnüşleri makro-mikro elementlere we witaminlere baý. Şokolad tagamly, ary bally, banan tagamly gury ertirlikler çaganyň diňe bir işdäsini däl, eýsem, olaryň şähdini hem açýar. Bular tebigy arassa önümler bolan ýokary hilli bugdaý, mekgejöwen unundan, mekgejöwen petinden we hemenek ýarmasy esasynda öndürilýär. Bu bolsa çaganyň sagdyn ösmegine, berk bedenli bolup ýetişmegine uly ýardam edýär.
Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky egsilmez aladanyň beýanydyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýaryn.