
«Bagşyly halk — bagtly halk»
Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşige ähli welaýat, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagşy-sazandalar gatnaşdy. Bäsleşigiň esasy maksady ýaş nesillerde milli medeniýetimize bolan söýgini kemala getirmekden we olaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr. Bagşyny bagşydan, sazandany sazandadan saýlaýan bu bäsleşigiň başynda hormatly Prezidentimiziň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde joşgunly ýaňlanan halk aýdymlary hem-de sazlary bäsleşigiň köpöwüşginli bolmagyna getirdi. Tomaşaçylar ýurdumyzyň sebitleriniň saz sungaty boýunça aýratynlyklardan lezzet aldylar.
Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Arkadag şäherinden Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Amanmuhammet Çaryberdiýewiň hem-de şol mekdebiň bagşyçylyk sungaty bölüminiň bagşy mugallymy Kerwenmyrat Orazmyradowyň ýeňiji bolmagy örän buýsandyryjydyr. Ýeňijileriň her biri hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglandy. Olar milli bagşyçylyk we saz sungatymyzy ösdürmekde yhlasyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, şeýle ajaýyp döwrüň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.