TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Bedenlerini berkidýän balalar

Bedenlerini berkidýän balalar

Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalar bakja-bagyna gatnaýan körpeleriň tomus möwsüminde taplama çäresi geçirildi.

Çagalar bakja-bagymyzda tomusky sagaldyş we dynç alyş möwsüminde körpeleriň bedenini taplama açyk howada beden we daban taplama, Gün şöhlesi we suw bilen taplamak çäreleri tassyklanylan gün tertibine hem-de taplama çärelerini geçirmegiň usullaryna laýyklykda gündelik günüň birinji ýarymynda alnyp barylýar. Bu ýerde körpeleri beden taýdan taplamagyň dürli görnüşleri ulanylýar. Olara bedenterbiýe sapaklary, irki maşklar, sapaklarda geçirilýän dynç alyş maşklary, hereketli oýunlar, bedeni yssa hem-de sowuga taplamak, gezelençlere gitmek, dürli sport ýaryşlary we oýunlar degişlidir.

Şu gezekki taplaýyşda çagalar türkmen milli oýunlaryny, ýagny «Kim çalasyn?», «Ýüp çekişdi», «Ogar-ogar» oýnadylar. Ukyp-başarnyklary bilen janly tebigatymyzyň suratyny çekdiler. Erteki esasynda sahnalaşdyrylan oýna sagdyn çagalara mümkinçiligi çäkli bolan çagalar-da goşuldylar. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Bakja-bagymyzyň «Arkadag nesilleri» atly aýdym-saz toparynyň çagalary şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

2025-08-209