
Türkmenistandan dünýä çykalga ýa-da Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan ýollar
«Biz Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna myhmansöýerlik hem-de maslahatyň ählumumy hyzmatdaşlygyň hem-de raýdaşlygyň ruhunda ýokary derejede geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris».
Awaza syýasy Jarnamasyndan.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Ýylymyz ýurdumyzyň at-abraýyny has-da äleme aýan edýän şanly-şöhratly ýyl. Dünýä ýaýylýan bu ýylda toýlanýan toýlaryň, geçirilýän maslahatlaryň dabarasam, gabarasam başgaça. Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy netijesinde dost-doganlygyň, ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi. Ýer ýüzüniň 200 töweregi golaý ýurduny agzalygyna kabul eden Birleşen Milletler Guramasynyň hem öz mejlisini Türkmenistanda geçirmegi çuňňur filosofiýa eýedir. Yklymlara we ykballara dahylly, umamadamzadyň arzuw-islegine, bähbidine gönükdirilen işleriň türkmen topragynda oňyn häsiýete eýe bolmagy Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Awazada birnäçe günläp dowam eden BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ençeme çäreleri öz içine aldy. Iri forumyň ähmiýeti bilen birlikde dürli ýurtlardan ýol aşyp gelen myhmanlar halkymyzyň myhmansöýerligini, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesindeligini öwran-öwran nygtadylar. Foruma 600 milliona golaý ilaty bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletden, umumy alanyňda, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýadan ýokary wezipeli wekiller gatnaşdy. Elbetde, öňden aýdylyp gelinýän «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr!» diýen taryply sözlere eýe bolan halkymyz forumyň guramaçylygynda türkmeniň toý toýlaýşynyň hem nusgalyk derejesini Ýer ýüzüne görkezdi. Forumyň maksadyny, matlabyny, guramaçylygyny, ýokary derejesini dünýäniň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňden ýaýdy.
Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli günleriniň aýdym-saza beslenmegi gatnaşyjylara ruhy lezzet berdi. Myhmanlar her bir pursada monça boldular. Deňzi görmedikler Hazar gözelligini görüp haýran galdylar.
Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda dürli ugurlar boýunça forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi onuň ýürekdeşlik esasynda guralandygyny görkezdi. Zenanlara, ýaşlara, parlamentarilere, raýat jemgyýetine, hususy pudaga orun berilmegi forumyň geriminiň giňliginden habar berdi. Bularyň ählisi Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna doly gabat gelýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça jemleýji resminama bolan Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň maksatnamasyna seredilip, ony «2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy» diýip atlandyrmak resmi taýdan yglan edildi.
Forum günleri dowam eden 25 sany pawilýony özünde jemlän sergi hem dostluk-doganlyk ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşmaklyga möhüm meýdança boldy. Pawilýonlaryň dördüsiniň Türkmenistana degişli bolmagynda hem özboluşly many bardyr. Munuň özi şanly ýylda geçirilýän çäräniň sene sazlaşygyny emele getirýär.
Forum mynasybetli dabarada Gahryman Arkadagymyzyň «Biziň kalbymyz we maksatlarymyz dünýä üçin açykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy mazmunydyr» diýmegi hoşniýetlilige ygrarlylygy ýene bir gezek tassyklady.
Forumyň maksady adyndan belli bolşy ýaly, deňze çykalga. Ýollaryň ýakynlykdan alyslara uzamagy. Forumyň nyşanyndaky dört sany şekiljiklerden çar tarapa çykalgany aňladýan manyny okamak bolýar. Mahlasy, maslahatda dünýä ýol tapmak, geljege ýol açmak, ýol aşmak bilen bagly ösüp barýan ýurtlar boýunça giň gerimli pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykalga — maksatlaryň menzile gowuşmasy. Elbetde, dünýäniň syýasy kartasyndan görnüşi ýaly, Ýer togalagynyň aglaba bölegini deňizler, ummanlar eýeleýär. Gatnawlaryň dürli görnüşleri bilen birlikde gämi arkaly deňze çykalga söwda-ykdysady babatdaky bähbitlerden başlap, köpugurly hyzmatdaşlygyň esaslaryny öz içine alýar. Çykalga bolan ýerde müşgil işler asan bolýar. Käbir deňze çykalgasy bolan ösen ýurtlaryň söwdada tejribe toplap, gämi arkaly getirilýän ýükleri heniz ýolda wagty zawod-fabriklerdäki deý işlemegi netijesinde çig malyň taýýar önüm bolup gelip gowuşýandygyny aýdýarlar.
Biz Türkmenistandan dünýä çykalga diýdik. Ýurdumyzdan ýollaryň dünýä uzaýandygy taryhy hakykat. Geçmişden hem belli bolşy ýaly, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň manysynyň Watanymyzyň sebitde möhüm çatrykda ýerleşendiginiň mysalynda hem aýtmak bolar.
Möhüm maslahatyň bu guramanyň döredilmeginiň ýubileý ýylyna gabat gelmegi, çäräniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram edýän, şeýle hem dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletde — Türkmenistanda geçirilmegi aýratyn taryhy wakadyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň BMG tarapyndan 3-nji gezek Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmegi belent mertebedir, belent ynama ygrarlylykdyr.
Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.