TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Il-halkyň bir iş tutsa...

Il-halkyň bir iş tutsa...

Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde beýik ösüşler bilen nobatdaky Halk Maslahatyna barylmagy döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky ýüze çykmasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde biz döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasyny döredip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamyny kemala getirdik» diýip örän jaýdar belleýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň döredijilikli syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip beýan edilýän kadalaryň özi, hakykatdanam biziň ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň nähili derejede ösendiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýeri gelende bellesek, Halk Maslahatynyň baý taryhy kökleri bar. Ol döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy guramadyr. Jemgyýeti dolandyrmagyň iň gadymy institutlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmak babatdaky köpasyrlyk tejribesine daýanyp, jemgyýetçilik wekilleri bilen iň wajyp, syýasy, ykdysady meseleleri maslahatlaşyp çözmäge giň şertleri döredýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Oňa Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek, olara üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak, Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly meseleler girizilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk topary tarapyndan bu ählihalk forumyna jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibine laýyklykda, ýerlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri seçip almak, olaryň şahsy we işjeň häsiýetlerini öwrenmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Nobatdaky ählihalk maslahatynda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Munuň özi asyrlaryň dowamynda asylly ýörelge bolup gelýän halkyň ygtyýarly wekillerine sarpa goýmagyň, olaryň abraý-mertebesini ýokary götermegiň, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyzy yhlas bilen zähmet çekmäge we ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

2025-08-204